NASA: Apofis asteroidi Ýer şaryna aragatnaşyk hemralaryndan hem ýakyn aralyga geler

  • 26.04.2026 10:37
  • 3.7k+

2029-njy ýylyň 13-nji aprelinde Apofis asteroidi Ýerden 32 müň kilometr uzaklykda geçer. Bu aralyk köp sanly kosmos hemralarynyň orbitasyndan hem ýakyndyr.

​NASA-nyň hünärmenleri bu wakany ylym üçin deňsiz-taýsyz mümkinçilik diýip belleýärler. Sebäbi bu ululykdaky asman jisimleriniň planetamyza şeýle derejede ýakyn gelmegi, ortaça her birnäçe müň ýylda bir gezek bolýan seýrek hadysadyr.

​Apofis irki Gün ulgamynyň galyndysy bolup, onuň diametri takmynan 340 metr, uzynlygy bolsa 450 metrden gowrakdyr. NASA-nyň bilermenleri bu asteroidiň Ýer ýüzündäki adamlara, kosmonawtlara ýa-da orbital tehnika hiç hili howp salmaýandygyna kepil geçýärler.

Adamzat taryhynda şeýle uly göwrümli jisimň Ýere juda ýakyn aralykdan geçmegi we häzirki zaman tehnologiýalarynyň kömegi bilen ony ilik-düwme öwrenmek mümkinçiligi ilkinji gezek ýüze çykýar.

 


şu gün 00:18
518

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

26.06.2026 15:40
2.1k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.4k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......