Nutella şokolad pastasy 60 ýylyň dowamynda ilkinji gezek täze - arahis tagamyna eýe boldy

  • 20.04.2026 15:07
  • 2.6k+

Nutella kompaniýasy öz meşhur şokolad pastasynyň täze görnüşini çykarandygyny yglan etdi. Täze görnüşde pissäniň ýerine arahis goşulypdyr.

Bu brendiň tagam palitrasynda 60 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji möhüm üýtgeşmedir. Täze önüm eýýäm ABŞ-nyň bazarynda  satylyp ugrady.

Ferrero North America kompaniýasynyň pastalar boýunça uly wise-prezidenti Noa Şporn kompaniýa täze tagamy döretmäge brendiň köpçüligiň arasyndaky üstünliginiň ylham berendigini belledi.

Ol: "Dogrusyny aýtsam, Nutellanyň gapyrjagy kosmosda gaýyp, giňden tanalmagyny dowam edýärkä, mümkin däl zadyň ýokdugyna ynanmaga başlaýarsyň. Şonuň üçin biziň indiki ädimimiz 60 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ilkinji täze tagamy döretmek boldy" - diýdi.

Arahisli täze görnüşiň teksturasy nusgawy asyl nusgasyna  meňzeş bolmagynda galýar, ýöne dadyp görseň gowrulan arahisiň tagamjyklary agdyklyk edýär.

Önümi gören dessiňe dizaýnyndan tanap bolýar: däp bolan ak gaplama elementleriniň ýerine, arahisli görnüşiniň sary ýazgysy we gapagy bar.

Nutellanyň asyl reseptini 1964-nji ýylda italýan himigi Françesko Riwella işläp düzdi, ol 2025-nji ýylyň fewral aýynda 97 ýaşynda aradan çykdy. Onuň döreden nusgawy formulasy kakao, şeker, süýt we pisse ýaly, ýedi ingrediýentden ybarat. Riwella kyrk ýyldan gowrak wagtlap  Ferreroda işläp, "Nutellanyň atasy" diýen professional ada mynasyp boldy.


23.06.2026 08:37
7.7k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
4k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2.4k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.9k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......