Fransuz ylgawçysy Saharany bir aýagy protezli geçmegi başardy

  • 19.04.2026 13:06
  • 5.2k+

Fransuz türgeni Žeremi Murrežo Marokkonyň Sahara çölünde her ýyl geçirilýän dünýäniň iň ekstremal ultramarafonlarynyň biri bolan 40-njy ýubileý «Marathon des Sables» («Çäge marafony») ýaryşynyň esasy gahrymanyna öwrüldi. Bir aýagy protezli türgen baýrakly orunlara düşmedik bolsa-da, şol ýagdaýynda 271 kilometrlik pellehanany geçip, hemmeleri haýran galdyrdy.

6 gün dowam eden bu ekstremal ýaryşda 2485 metr belentlige çykmaly bolan türgen fiziki çäklendirmeleriň agyr kynçylygy ýeňip bilmezlige bahana däldigini subut etdi. Murrežo aralygy jemi 59 sagat 34 minut 24 sekuntda tamamlap, bu ugurda bir protez bilen şeýle başarnyk görkezen taryhdaky ilkinji adam boldy.

Ýaryş Marokkoda 2026-njy ýylyň 6-njy aprelinden 11-nji apreli aralykda geçirildi. Žeremi üçin bu ylgaw, 2025-nji ýyldaky ýaryşda bolan şowsuzlygyň ahmyryndan çykmak üçin ýeke-täk mümkinçilikdi.

Bu gezek ol ýörite ylgaw protezini – gylyç görnüşli protezi ulandy. Gyzykly ýeri, köp gatnaşyjylar üçin kyn hasaplanýan çäge aňňatlary oňa has aňsat düşdi. Türgen öň, gaty toprakda ylgan wagty aýagynyň protez bilen birleşýän ýerinde ýiti agyry duýýardy we her gözegçilik nokadynda lukmançylyk hyzmatyna mätäç bolýardy. Çäge bolsa, tersine, proteziň urgusyny ýumşatdy we Žeremä gaty ýerdäki ýaly yzalary çekdirmedi.

Žeremi Murrežonyň uly sporta gelmegine 2009-njy ýylda başdan geçiren agyr motosikl heläkçiligi sebäp boldy. Netijede onuň aýagy kesildi. Ýöne ol munuň üçin ýaşaýyşdan «elini sowatmady». Gaýta ykbal synagyny sport karýerasynyň başlangyjyna we bütin dünýädäki adamlara ruhy güýç berýän, batyrgaý pikirleri durmuşa geçirmegiň nusgasyna öwürdi.

«Marathon des Sables-de» ýeňijiler üçin pul baýraklarynyň göz öňünde tutulandygyny-da bellemek gerek, ýöne olar uly giriş tölegini (takmynan 3000 ýewro) we aralygyň kynçylyklaryny göz öňünde tutanyňda, örän az hasaplanýar:

1-nji orun: 5 000 ýewro we baýrak (kubok ýa-da heýkel);

2-nji orun: 3 000 ýewro we baýrak;

3-nji orun: 1 500 ýewro we baýrak;

4–10-njy orunlar: medal we indiki ýaryşa gatnaşmak üçin 500 ýewro möçberinde karz. Beýleki baýraklar hem bar, ýöne olar aýdyp oturanyňa-da degenok.

Köpler üçin pellehana ýetmegiň özi-de uly dereje, munuň üçin gatnaşyjylara ýörite medal gowşurylýar. Şu ýerde köp gatnaşyjylaryň pul üçin däl-de, haýyr-sahawat üçin ylgaýandyklaryny aýtmalydyrys. Olaryň arasynda eýýäm dürli gaznalar üçin müňlerçe funt sterling toplamagy başaran türgenler hem bar.


29.05.2026 07:13
1.3k+

LVMH ähli brendleri üçin adam hukuklary boýunça bitewi ýörelgeleri tassyklady

Fransiýanyň «LVMH» lýuks harytlar konglomeraty özüniň ilkinji Adam hukuklary baradaky Hartiýasyny hödürledi. Ol kompaniýanyň halkara ýörelgelerine we adam hukuklarynyň düýpli esaslaryna boýun egmek......

27.05.2026 00:21
4k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......

23.05.2026 16:15
8.3k+

AF447 gatnawynyň heläkçiliginde Airbus we Air France günäkär hasaplandy

Parižiň Şikaýat kazyýeti 2009-njy ýylda Atlantik ummanynyň üstünde AF447 gatnawynyň heläkçilige uçramagy bilen baglylykda Airbus awiaöndürijisini we Air France awiakompaniýasyny tötänden adam öldürmekde......

21.05.2026 11:49
4.9k+

Tarapa görä görnüşini üýtgedýän Pariž gökdiräni 180 metr beýiklige ýetdi

Şweýsariýanyň Herzog & de Meuron binagärlik edarasy tarapyndan taslamalaşdyrylan Pariždäki «Tour Triangle» (Üçburçluk diňi) gökdiräniň boýy meýilleşdirilen 180 metre ýetdi. Bu ymarat şäher çägindäki Eýfel......