Hytaýyň 80-den gowrak kompaniýasy Aşgabatdaky işewürler forumyna gatnaşar

  • 19.04.2026 13:14
  • 3.6k+

Aşgabatda şu aýyň dowamynda geçiriljek Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine işjeň taýýarlyk görülýär. Bu barada şenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Nökerguly Atagulyýew habar berdi.

Hökümet Başlygynyň orunbasarynyň aýtmagyna görä, çärelere gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň maşyngurluşyk, nebitgaz pudagy, sanly ulgamlar, oba hojalygy we logistika ýaly ugurlarda işleýän 80-den gowrak döwlet edara-guramalary we hususy kompaniýalary eýýäm hasaba alyndy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar, aýratyn-da Hytaý bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady. Döwlet Baştutany öňde duran çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Forumyň Türkmenistanyň ministrlikleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri bilen hytaýly kärdeşleriniň arasynda täze şertnamalary baglaşmak hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly meýdança öwrülmegine garaşylýar.


şu gün 13:10
2.9k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......

düýn 19:37
6.5k+

ABŞ Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmek isleýär

Eger Kongres kanunyň taslamasyny tassyklasa, ABŞ-nyň Maliýe ministrligi prezident Donald Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmäge taýýar. Bu barada Pudagyň ýolbaşçysy Skott Bessent Ak Tamda......

düýn 13:39
1.3k+

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete täsirini öwrenmek üçin 250 million dollar maýa goýar

OpenAI Foundation täjirçilik däl guramasy emeli aňyň ykdysadyýete täsirini öwrenmek üçin 250 million dollar maýa goýýandygyny yglan etdi....

düýn 11:21
2.1k+

Taýwanyň fond bazary ýekeje kompaniýanyň kömegi bilen Hindistandan öňe geçdi

Taýwanyň maliýe bazarlary öz taryhynda ilkinji gezek Hindistanyň fond bazaryny yzda galdyryp, 4,95 trillion dollar möçber bilen dünýäde bäşinji orna göterildi. Emma synçylar munuň tutuş ýurduň ykdysady......