Türkmenistanyň banklarynyň maliýe hasabatlaryna audit barlagy geçiriler

  • 19.04.2026 13:10
  • 6.2k+

18-nji aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow ýurduň banklarynyň ýyllyk maliýe hasabatlaryna halkara standartlaryna laýyklykda audit barlaglaryny geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bu işler «Karz edaralary we bank işi hakynda», «Auditorçylyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny, şeýle hem buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň degişli Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bank ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady.

Döwlet Baştutany hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýere ýurduň maliýe edaralarynyň işiniň aýdyňlygyny we netijeliligini üpjün etmek bilen, audit barlaglarynyň degişli derejede geçirilmegini guramagy tabşyrdy.


19.06.2026 10:10
3.4k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:13
5.4k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......