Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet syýasatynyň möhüm meselelerine seredildi

  • 19.04.2026 12:05
  • 9.3k+

18-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bitirilen işleriň netijeleri jemlendi we ýakyn döwür üçin meýilnamalar bellenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi.

Mejlisiň dowamynda adam hukuklary, migrasiýa we senagat howpsuzlygy ulgamlarynda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, şeýle hem gurluşyk toplumynda täze milli çykdajy-ölçeg binýadyny ornaşdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy.

Möwsümleýin oba hojalyk işlerine: gowaça ekişine, bugdaýa ideg edilmegine we Türkmen bedewiniň baýramyna görülýän taýýarlyk işlerine aýratyn üns berildi. Mundan başga-da, jemgyýetçilik ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we Gökderede hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda çagalaryň tomusky dynç alşyny guramak boýunça meýilnamalara garaldy.

Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlarynyň we Mejlisiň ýolbaşçysynyň hasabatlaryny diňläp, birnäçe resminama gol çekdi we ýurduň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.


şu gün 14:40
722

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......