Dünýäniň iň garry gorillasy Berlin haýwanat bagynda 69 ýaşyny belledi

  • 22.04.2026 16:37
  • 4.8k+

Häzirki wagtda dünýäniň iň garry gorillasy hasaplanýan Fatu Berlin haýwanat bagynda özüniň 69 ýaşyny baýram etdi.

​Şanly sene mynasybetli jandara dürli gök önümlerden — çerri pomidoryndan, şugundyrdan, poreý soganyndan we salat ýapraklaryndan ybarat bolan täsin «tort» hödürlenildi. Haýwanat bagynyň işgärleri garry primatlaryň saglygyna zyýanlydygy sebäpli, gorilla süýji tagamly tort iýdirmekden ýüz dönderdiler.

​Fatu günbatar düzlük gorillasy bolup, 1959-njy ýyldan bäri Berlinde ýaşaýar. Şol wagtlar jandaryň takmynan iki ýaşynda bolandygy çaklanylýar.

Onuň takyk doglan senesiniň belli bolmandygy üçin, 13-nji apreli resmi doglan güni hökmünde kabul etmek kararyna gelindi.

Ýabany tebigatda gorillalar, köplenç 35–40 ýyl ýaşaýarlar, gabawda bolsa olaryň ömri has uzyn bolýar.

​Fatu 2024-nji ýylda 75 ýaşyndan aşan Ingo atly flamingo aradan çykandan soň, haýwanat bagynyň iň garry ýaşaýjysy derejesine eýe boldy. Ginnesiň rekordlar kitabynyň maglumatyna görä, Fatu Günbatar Afrikada doglan bolmaly. Ony ilki fransuz deňizçisi alyp gaýdypdyr, soňra bolsa haýwanat bagyna satylypdyr.

​Häzirki wagtda Fatu beýleki gorillalardan aýratyn saklanýar. Ýaşy bilen baglylykda, onda käbir saglyk meseleleri — dişleriniň düşmegi, artrit we eşidişiniň peselmegi ýaly ýagdaýlar bar. Haýwanat bagynyň primatlar bölüminiň ýolbaşçysy Kristian Aust jandaryň keçjal häsiýetlidigine garamazdan, idegçileri bilen gowy gatnaşykdadygyny aýdýar.


18.06.2026 22:32
4.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

16.06.2026 23:05
2.7k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....