Ýapon blokbasteri «Godzilla: Minus nol» filminiň ilkinji tizeri çykdy

  • 16.04.2026 18:02
  • 4.2k+

Internetde «Godzilla: Minus nol» filminiň resmi tizeri peýda boldy. Bu film 2023-nji ýyldaky uly meşhurlyk gazanan blokbasteriň göni dowamy bolup, ol şu ýylyň noýabr aýynda halkara prokatyna çykmaga taýýarlanýar.

Täze taslamanyň üstünde ýene-de öňki döredijilik topary işledi: režissýorlyk kürsüsine gaýtadan Takasi Ýamadzaki geçdi, baş rollary bolsa Rýunoske Kamiki we Minami Hamabe ýerine ýetirerler.

Täze filmiň sýužeti birinji bölümden iki ýyl soňra bolup geçýän wakalary öz içine alýar. Bu gezek wakalar diňe Ýaponiýanyň çäklerinden çykyp, has giň gerime eýe bolar — sinopsise görä, äpet mahluk Nýu-Ýorka tarap ýola düşer. Seriýanyň mundan öňki «Godzilla: Minus bir» filmi dünýä derejesinde uly gyzyklanma döredip, prokatda 100 million dollardan gowrak peýda toplapdy we iň gowy wizual effektler üçin «Oskar» baýragyna mynasyp bolupdy.

Ilkinji film uruşdan soňky Ýaponiýanyň garaşylmadyk ýagdaýda peýda bolan mahluk bilen alyp baran söweşi barada gürrüň berip, soňky ýyllaryň iň şowly ýapon taslamalarynyň birine öwrülipdi.


düýn 10:41
1.6k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.5k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 22:13
5.3k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....