Gün energiýasy bilen işleýän dirižabl stratosferada 12 günlük uçuşyny tamamlady

  • 16.04.2026 14:14
  • 4.4k+

Sceye kompaniýasynyň SE2 stratosfera dirižably 12 günde 10 300 kilometr ýol geçip, tehnologiýanyň uzak möhletli gözegçilik we telekommunikasiý üçin taýýardygyny subut etdi.

Synag wagtynda enjam 15 800 metrden gowrak belentlige çykdy. 82 metrlik dirižablyň energiýa ulgamy Gün panellerinden we litiý-kükürt batareýalaryndan ybarat bolup, bu onuň aýlap howada galmagyna mümkinçilik berýär.

Uçuş wagtynda SE2 takmynan bir kilometr radiusda galyp, ajaýyp takyklygy görkezdi.

Işläp düzüjiler alnan maglumatlaryň ony täjirçilik maksatly ulanmaga mümkinçilik berýändigini mälim etdiler. Platformany daşky gurşawa gözegçilik etmekde we adatdan daşary ýagdaýlaryň netjelerini ýok etmekde ulanmak meýilleşdirilýär.

Ilkinji täjirçilikden öňki uçuşyny Ýaponiýada geçirmek meýilleşdirilýär, bu ýerde dirižabl SoftBank-yň ulgamy üçin aragatnaşyk kanaly  bolar.

 
 

 


düýn 10:01
3.2k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.7k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......