Gazagystanda Hoja Ahmet Ýasawy adyndaky orden döredildi

  • 18.04.2026 23:40
  • 3k+

​Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew «Hoja Ahmet Ýasawy» (Қожа Ахмет Ясауи) atly täze döwlet ordenini döretmek baradaky Permana gol çekdi. Bu sylag türki dünýäsiniň beýik akyldary, sufizmiň türki şahasynyň düýbüni tutujy şahyryň adyny göterýär.

​Täze orden Gazagystanyň raýatlaryna we daşary ýurtlylara Hoja Ahmet Ýasawynyň mirasyny saklamakda, öwrenmekde we wagyz etmekde bitiren aýratyn hyzmatlary, şeýle-de medeni-ruhy gymmatlyklary berkitmekdäki goşantlary üçin gowşurylar. Ordeniň dizaýnyny taýýarlamak Gazagystanyň Milli bankyna tabşyryldy.

​Hoja Ahmet Ýasawy (1103–1166) görnükli sufist şahyr, «Diwany hikmet» («Hikmetler kitaby») atly meşhur eseriň awtorydyr. Ol Merkezi Aziýanyň türki halklarynyň arasynda yslamyň we ynsanperwerlik taglymlarynyň ýaýramagynda ähmiýetli orun eýelän taryhy şahsyýetdir.

​Häzirki wagtda Gazagystanyň Türküstan şäherinde Emir Teýmir (Teýmirleň) tarapyndan gurlan Ýasawynyň kümmeti ýerleşýär. Täze döredilen döwlet sylagy Türküstanyň türki dünýäsiniň ruhy merkezi hökmündäki ornuny has-da berkitmäge we beýik akyldaryň pelsepesini dünýä ýaýmaga hyzmat eder.


22.06.2026 14:28
1.2k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

19.06.2026 20:02
1.5k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

19.06.2026 19:49
4.8k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

19.06.2026 11:22
4.6k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......