Türkmenistanyň dokma kärhanalary Ýewropa bazarlaryna çykmagyň ýoluny öwrenýär

  • 15.04.2026 16:13
  • 3.1k+

13-nji aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçiliginiň wekilleri üçin eksport taýýarlygyny ýokarlandyrmaga hem-de ýerli dokma öndürijilerini Ýewropa Bileleşiginiň bazaryna goşmaga bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Bu çäre ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän «Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we integrasiýa» taslamasynyň çäklerinde Halkara söwda merkezi tarapyndan guraldy.

Okuw maslahatyna tikinçilik we dokma önümçiligi bilen meşgullanýan hususy pudagyň 29 wekili gatnaşdy. Gatnaşyjylar ÝB bazarynyň häzirki tendensiýalary, şahadatnamalaşdyryş talaplary we «European Green Deal» taslamasynyň çäklerinde durnukly önümçilik standartlary bilen tanyşdy. Ýewropaly satyn alyjylaryň isleglerine we halkara arenasyndaky bäsdeşlik ukybynyň şertlerine aýratyn üns berildi.

Amaly sapaklaryň dowamynda telekeçiler «Bahar-Tomus 2027» möwsüminiň kolleksiýalaryny taýýarlamagyň usullaryny, assortimenti meýilnamalaşdyrmak meselelerini we dizaýnyň maksatly auditoriýanyň isleglerine uýgunlaşdyrylmagyny öwrendi. Okuwyň dowamynda brendleriň ornuny berkitmäge, wizual merçandaýzinge we daşary ýurtly sarp edijiler üçin brendiň taryhyny döretmäge hem üns berildi.

Şeýle hem bilermenler halkara pudaklaýyn sergilere, hususan-da Pariždäki «Who’s Next» sergisine netijeli taýýarlyk görmek boýunça maslahatlary berdi. Gatnaşyjylar bazardaky ornuny güýçlendirmek we mümkin bolan hyzmatdaşlar bilen göni aragatnaşyklary ýola goýmak barada anyk maslahatlary aldy.

Bu taslama işewürlik gurşawyny gowulandyrmak hem-de kiçi we orta telekeçiligiň dünýä bazarlaryndaky bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmak arkaly Türkmenistanyň ykdysady ösüşine ýardam bermäge gönükdirilendir.


şu gün 11:05
832

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

düýn 08:04
6.4k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......