Özbegistan Gazagystana seýrek taryhy resminamalary gowşurdy

  • 14.04.2026 16:16
  • 5.2k+

Özbegistan Gazagystana Türküstan şäherindäki taryhy ýadygärlikler bilen baglanyşykly arhiw resminamalarynyň nusgalaryny gowşurdy. Resminamalary gowşurmak dabarasy Buhara şäherinde geçirilen resmi däl duşuşykda bolup geçdi diýip, Zakon.kz neşiri habar berýär.

Duşuşykda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew möhüm taryhy materiallary Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe gowşurdy.

Gowşurylan maglumatlar 1920–1950-nji ýyllara degişli bolup, olar Özbegistanyň çäginden tapylan köne materiallardyr. Olaryň arasynda gadymy binalaryň şol döwürdäki ýagdaýyny görkezýän gymmatly suratlar hem bar. Olar esasan Hoja Ahmet Ýasawy we Rabiýa Soltan Begim kümmetlerine degişlidir.

Gazagystanyň Prezidentiniň administrasiýasynda bellenilişi ýaly, bu resminamalaryň köpüsi mundan ozal ylmy dolanyşyga girizilmändir. Şol sebäpli hem olar sebitiň taryhyny we binagärlik mirasyny öwrenmekde uly medeni ähmiýete eýe bolup durýar.


22.06.2026 14:28
1.2k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

19.06.2026 20:02
1.5k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

19.06.2026 19:49
4.8k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

19.06.2026 11:22
4.6k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......