10 ýaşly gyzjagaz NASA haýyş bilen hat ýazdy

  • 18.04.2026 12:25
  • 7.7k+

Kaela atly 10 ýaşly gyzjagaz NASA hat ýazyp, Plutonyň resmi taýdan ýene-de planeta hökmünde yglan edilmegini haýyş etdi. The Times of India neşiriniň habar bermegine görä, çaga tarapyndan ädilen bu mähirli we tutanýerli ädim köpleriň ünsüni özüne çekdi.

Kaela öz eli bilen ýazan hatynda bu asman jisiminiň planeta adyna mynasypdygyny we onuň hak-hukuklarynyň dikeldilmeginiň köp adamy bagtly etjekdigini belledi.

Gyzjagazyň ýürekden ýazan hatyna NASA-nyň ýolbaşçysy Jared Aýzekman jogap berdi. Ol Kaelanyň teklibi bilen gyzyklandy we agentligiň häzirki wagtda bu meseläniň üstünde işleýändigini habar berdi.

Pluton 2006-njy ýylda Halkara Astronomiýa Bileleşiginiň karary bilen uly planeta statusyndan aýrylyp, girdenek planeta derejesine düşürilipdi. Şol bir wagtda alymlar bu syrly obýekti öwrenmegini dowam edýärler: Geçen ýyl astronomlar Plutonyň asmanyndaky köp gatlakly dumanyň (ony ilkinji gezek 2015-nji ýylda New Horizons missiýasy tapypdy) ähmiýetini anykladylar.

Bu täze maglumatlar hem, öz gezeginde, Plutonyň 300 km ýokary çekilýän atmosferasynyň üýtgeýşi we klimaty baradaky garaýyşlary düýpgöter özgerdýär.


şu gün 00:18
518

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

26.06.2026 15:40
2.1k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.4k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......