BAE-de semizlige garşy dünýäde gerdejik görnüşli ilkinji derman ulanmaga rugsat berildi

  • 15.04.2026 23:40
  • 3.2k+

Birleşen Arap Emirliklerinde semizlige garşy dünýäde ilkinji gerdejik görnüşindäki dermanyň ulanylmagy makullandy. Bu barada «Khaleej Times» neşiri habar berýär.

Gürrüň «Foundayo» (orforglipron) derman serişdesi barada barýar, ol 2026-njy ýylyň maý aýynda dermanhanalara gelip gowşar. BAE bu dermanyň satylmagyna rugsat beren ABŞ-dan soň ikinji ýurt boldy.

Häzirki wagtda bar bolan sanjym görnüşindäki dermanlardan tapawutlylykda, bu derman serişdesi içilýän bolup, aşgazanda dargamaýar.

Saglygy goraýyş ministrliginiň wekili Fatima Al Kaabiniň aýtmagyna görä, «gerdejik görnüşleriniň ulanylmagy diňe bir amatlylyk meselesi bolman, eýsem ozal sanjymdan ýüz öwren ilat gatlaklaryny bejergi bilen gurşap almaga mümkinçilik berýän strategik öňegidişlikdir».

Derman aşgazan-içege ýolunyň işini düzgünleşdirýär we dokluk duýgusyny döredýär, bu bolsa agramy azaltmaga hem-de gandaky şekeriň derejesini gözegçilikde saklamaga ýardam berýär.

Derman hassanyň ýagdaýyna baha berleninden soň, diňe lukman haty boýunça berler.


20.06.2026 12:08
6.8k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......