Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy

  • 10.04.2026 15:59
  • 1.1k+

2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Pakistanyň Lahor söwda-senagat edarasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Şahid Haliliň ýolbaşçylygyndaky wekiller iki ýurduň işewürlik jemgyýetleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge we Ilçihana bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge uly gyzyklanma bildirdi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Türkmen tarapy duşuşygyň dowamynda ýurtda daşary söwdany ösdürmek we dünýä ykdysadyýetine işjeň gatnaşmak ugrunda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeler barada giňişleýin maglumat berdi.

Şeýle hem pakistanly myhmanlara Türkmenistanyň ägirt uly tebigy gaz gorlary, nebit önümleri, dokma we oba hojalyk harytlarynyň eksport mümkinçilikleri tanyşdyryldy. Söhbetdeşligiň barşynda şu ýylyň dowamynda geçiriljek we dünýäniň dürli künjeklerinden telekeçileri bir ýere jemlejek halkara işewürlik forumlaryna aýratyn üns çekildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli söwda ýollaryny tapmak we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, geljekde guraljak bilelikdäki forumlara we sergilere işjeň gatnaşmaga ygrarlydyklaryny tassyklady.


şu gün 13:44
1.1k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

düýn 17:29
9.5k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.2k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......