90 ýaşly ýeňil atletikaçy iki sany dünýä rekordyny goýdy

  • 11.04.2026 11:39
  • 6.4k+

Ispaniýaly türgen Manuel Alonso Polşanyň Torun şäherinde geçirilen weteranlaryň arasyndaky Ýewropa çempionatynda 90 ýaşdan ýokary toparda iki sany täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada Marca we AS neşirleri habar berýär.

90 ýaşly türgen 800 we 1500 metr aralyga ylgamakda ýeňiş gazandy. Ol birinji aralygy 3:34.22 wagtda geçip, kanadaly Erl Finuň ozalky rekordyndan 8 sekuntdan gowrak tapawutlanmagy başardy. Onuň 1500 metri 7:00.81 wagtda geçmegi bolsa, öňki rekordçy Mogul Radnaa Serenden takmynan 55 sekunt saýlanmagyna sebäp boldy.

Türgeniň aýtmagyna görä, sport onuň hakyky halasgärine öwrüldi.

«Sport meniň ýaşaýşymy halas etdi. Men zawodda işläp, pensiýa çykanymdan soň, öýe girdigim aglap başlaýardym» diýip, ol öňki interwýularynyň birinde-de gürrüň beripdi.


12.06.2026 07:53
3.3k+

Rim papasy dünýäniň iň beýik ybadathanasynyň baş diňini keramatlaşdyrdy

Barselona şäherinde taryhy waka bolup geçdi: Rim papasy Lew XIV meşhur Keramatly Maşgala ybadathanasynda (Sagrada Familiýa) messa geçirdi we Isa pygamberiň diňini keramatlaşdyrdy....

27.05.2026 14:36
5.2k+

«Aýyň ahyryna ýetip bilermikäm ýa asyryň ahyryna?»: Ispaniýa energetika öwürilişigi üçin 9 milliard ýewro goýberýär

Ispaniýanyň hökümeti raýatlaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak we ýurduň ekologik ýagdaýyny üýtgetmek maksady bilen, täze Durmuş-klimat meýilnamasyny taýýarlady. Taslama laýyklykda, döwlet tarapyndan 9......

25.05.2026 10:37
12k+

Şakira Ispaniýanyň hökümeti bilen salgyt dawasynda ýeňiş gazandy: kazyýet aýdymça €60 milliony yzyna gaýtarmagy borçly etdi

Ispaniýanyň kazyýeti salgyt işi boýunça aýdymçy Şakiranyň peýdasyna çözgüt çykardy we hökümeti aýdymça 60 million ýewro tölemäge borçly etdi diýip, "Rolling Stones" habar berýär....

29.04.2026 12:09
3k+

Isleg barka, çäk ýok: Riçard Waýthed protez bilen marafonda dünýä rekordyny döwdi

Britaniýaly türgen we iki gezek paralimpiýa çempiony Riçard Waýthed iki aýagy hem amputirlenen türgenleriň arasynda marafonda täze dünýä rekordyny goýdy. London marafonynda ol aralygy 2 sagat 40 minut 25......