Bolliwud emeli aňyň kömegi bilen köne filmlerini üýtgedip başlady

  • şu gün 15:50
  • 2k+

Reuters agentliginiň habar bermegine görä, Hindistanyň kino industriýasy filmleri dublýaj etmek we bar bolan kadrlary üýtgetmek üçin emeli aňy işjeň ulanyp başlady.

Bu tehnologiýa filmleri dürli dillere terjime etmek bilen birlikde, aktýoryň dodak hereketlerini täze sese görä sazlamaga-da mümkinçilik berýär.

Emeli aňyň iň täsin ulanylan ýeri 2013-nji ýylyň meşhur «Raanjhanaa» filmi boldy. Filmiň awtorlary onuň kömegi bilen kinonyň asyl nusgadaky gynançly soňlamasyny bagtly jemlemä öwürdiler. Täze çemeleşme tomaşaçylarda uly gyzyklandyrma döretdi we adamlary gaýtadan kinoteatrlara çekdi.

Dünýäde iň köp film öndürýän Bolliwud häzirki wagtda emeli aňa strategik gural hökmünde garaýar. Bu tehnologiýalar filmleri halkara bazaryna çykarmagy aňsatlaşdyrýar we islendik dilde aktýoryň oýnunyň tebigylygyny saklamaga kömek edýär.


düýn 15:08
6k+

Jeki Çan Gazagystandaky täze kinostudiýa sowgat iberdi

Gazagystanyň Almaty oblastynyň Garasaý raýonynda döwrebap kinopawilýonyň gurluşygyna badalga berildi. Bu taslama mynasybetli dünýä belli aktýor Jeki Çan özüniň simwolik «wagt kapsulasyny» sowgat hökmünde......

07.04.2026 10:40
1.8k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

06.04.2026 16:44
10k+

Hindistanda 11 700 gülden ybarat dünýädäki iň uly gül çemeni döredildi

Hindistanyň Ahmedabad şäherinde döredilen dünýädäki iň uly gül çemeni täsin rekord hökmünde hasaba alyndy. Ginnesiň rekordlar kitabynyň habar bermegine görä, 11 700 sany janly hrizantemadan ybarat bu äpet......

06.04.2026 10:50
2.3k+

Şazada Garri bilen Megan Markl polo oýny we ýokary gatlagyň durmuşy barada film çykarar

Şazada Garri we Megan Markl Netflix platformasy üçin ýokary gatlagyň durmuşy hem-de polo oýny barada çeper film dörederler. Bu barada Deadline neşiri habar berýär....