Ikiýüzlülik — häsiýet däl-de, biologiýadyr: aýdylýan sözler bilen edilýän işleriň tapawudy beýniden tapyldy

  • 11.04.2026 14:17
  • 4.5k+

Adamyň ahlak garaýşy bilen onuň edýän işleriniň arasyndaky çaprazlygyň sebäbi beýniniň wentromedial prefrental gabygy diýlip atlandyrylýan böleginiň işjeňlik derejesine bagly bolup çykdy. Neýrobiologlaryň bu täze açyşy barada Cell Reports žurnalynda ýörite makala çap edildi.

Sýaoçu Çžanyň ýolbaşçylygyndaky alymlar toparynyň barlaglaryna görä, ikiýüzlülik köplenç erbet häsiýetiň netijesi däl-de, beýniniň şahsy bähbitleri ara düşende ahlak kadalaryny netijeli ulanyp bilmezligi zerarlydyr.

Adam özüne peýda geljek ýagdaýynda maddy bähbidi saýlaýar, emma başga biriniň işine baha berende, ondan ak ýürekliligi talap edýär. Çünki beýnimiz öz kararlarymyza peýda nukdaýnazaryndan, başgalaryň kararlaryna bolsa ahlak kadalaryndan ugur alyp seredýär.

Muny belli-külli anyklamak üçin Welli Lýunyň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary 58 meýletinçiniň gatnaşmagynda synag geçirdi. Synagyň birinji tapgyrynda gatnaşyjylar kart oýnunda görkezme beriji boldular. Ol ýerde ýalan sözlemek pul baýragyny getirýärdi. Şol wagt olaryň beýnisi fMRT (funkshonal magnit-rezonans tomografiýasy) arkaly skanirlendi. Ikinji tapgyrda-da şol bir adamlar başgalaryň kararlaryna syn edip, olara ahlak hazaryndan baha berdiler.

Şeýlelikde alymlar beýniniň şol bölegine emeli usulyň (elektrik signallary arkaly) üsti bilen täsir edenlerinde, adamlarda ikiýüzlüliginiň artandygynyň üstüni açdylar. Ýagny, beýniniň bu böleginiň işjeňleşmegi söz bilen amalyň arasyny göz-görtele tapawutlandyrdy.

Taslamanyň esasy awtory Hunwen barlagdan gelip çykýan netijäni: «Biziň netijelerimiz ahlak yzygiderliligiň (meselem, sözüňde tapylmagyň) dogabitdi häsiýet däl-de, wagtyň geçmegi bilen türgenleşdirip boljak ukypdygyny görkezýär. Bu yzygiderlilik oýlanyşykly kararlary we dürli maglumatlary birleşdirmegi talap edýär» diýip giňişleýin düşündirýär.

Alymlaryň pikiriçe, beýniniň bu mehanizmlerine düşünmek geljekde bilim programmalaryny kämilleşdirmäge we hatda has ahlakly emeli aň ulgamlaryny döretmäge-de kömek eder.


11.06.2026 14:01
7.2k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 11:13
8.7k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

07.06.2026 17:05
9.2k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

05.06.2026 00:08
8.5k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......