«Kadr aňyrsyndaky jady»: Garri Potter baradaky geljekki serial nähili düşürilýär

  • 10.04.2026 16:56
  • 2.6k+

HBO teleýaýlymy Joan Ketlin Roulingiň kitaplarynyň muşdaklarynyň gyzyklanmasyny artdyrmak üçin, Garri Potter baradaky geljekki seriala ilkinji garaýyş bolan «Garriniň gözleginde: Kadr aňyrsyndaky jady» («В поисках Гарри: Магия за кадром») atly dokumental filmi çykardy. Ol 2026-njy ýylyň Roždestwo baýramynda premýerasy meýilleşdirilýän täze serialyň nähili boljakdygyny görkezýär.

Ilki bilen taslamany döredijiler serial formatynyň filmlere garanyňda wakalara has çuň aralaşmaga mümkinçilik berýändigini belleýär. Her möwsüm sekiz bölümden ybarat bolar we diňe bir tanyş wakalary däl, eýsem ozalky ekranlaşdyrmada orun tapmadyk ýerleri we sýužet ugurlaryny hem açyp görkezer. Şeýle-de, indi hekaýat diňe Garriniň garaýşy bilen çäklenmez, beýleki gahrymanlar hem ekranda has köp görner.

Serialyň kastingi, hakykatdan-da, giň gerimli boldy we oňa Beýik Britaniýanyň ähli ýerinden 40 müňden gowrak çaga gatnaşdy. Esasy üç gahryman gözlenende, ilki Ron, soňra bolsa Germiona tapyldy — olaryň ikisi hem Londondan. Garrini bolsa Şotlandiýadan tapdylar. 

Serialyň wizual bölegine-de az üns berilmedi. «Egri köçeden» başlap, Hogwartsyň koridorlaryna çenli ähli dekorasiýalar doly ölçegde gurulýar. Döredijiler ozal kadrda görünmedik ownuk detallara üns bermek bilen, janly we üýtgeşik dünýäni döretmek isleýär.

Gyzykly ýeri, taslama boýunça jadyly dünýäniň hakyky ýaly duýulmagy üçin jandarlar animatronika arkaly döredilýär. Bu işe ilkibaşdaky filmleriň üstünde işlän hünärmenler hem gatnaşýar.

Uly ýaşly aktýorlar bu taslama «Garri Potteriň» täzeden düşürilişi ýaly däl-de, eýsem medeni mirasyň dowamy hökmünde garaýar. Olaryň köpüsi bu hekaýat bilen ulaldy, indi bolsa ony täze nesle geçirmeli bolar.

Dokumental filmden çen tutsaň, HBO ozal görlen zatlary gaýtalamakçy däl. Onuň deregine tomaşaçylara bu älemi has jikme-jik, has giň gerimde we kitaplara ýakyn görnüşde görkezmek wada berilýär.


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....