Bulary biz hiç wagt görmändik: NASA Aýyň arka tarapyndan pursatlary görkezdi

  • 08.04.2026 14:38
  • 6.8k+

Aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça milli müdirlik (NASA) Artemis II missiýasynyň dowamynda «Orion» kosmos gämisi bilen Aýyň daşyndan aýlanyp çykylan wagty alnan özboluşly fotosuratlary we wideolary hödürledi. Bu barada CNN habar berýär.

Belläp geçsek, dört kosmonawtdan ybarat ekipažly «Orion» kosmos gämisi adamyň Ýerden uzaklaşmak derejesi boýunça täze rekord goýdy — 252 756 mil (406 771 kilometr). Mundan ozalky rekord — 248 655 mil — «Apollon 13» gämisine degişli bolup, ol 1970-nji ýyldan bäri saklanyp gelýärdi.

Amerikalylar Rid Waýsmen, Wiktor Glower, Kristina Koh we kanadaly Jeremi Hansen Aýyň üstüne takmynan 6 müň kilometr aralyga çenli golaýlaşdy. Uçuş wagtynda olar bilen 40 minudyň dowamynda aragatnaşyk bolmady — bu adamly kosmonawtika taryhynda iň uzak dowam eden radio-dymyşlyk döwrüdir.

Şol wagtda kosmonawtlar, başga zatlar bilen bir hatarda, Aýyň ýüzüne gaçan meteoroidleriň emele getiren alty sany alawlamasyny synladylar. Şeýle hem olar gäminiň duran nokadyndan doly Gün tutulmasyna tomaşa etdiler we Günüň täjiniň suratlaryny düşürdiler.

«Orion» bilen aragatnaşyk meýilleşdirilen wagtda dikeldildi. «Bi-bi-si» neşiriniň ýazmagyna görä, ilki radio-signal geldi, soňra uly möçberli maglumatlar bukjasynyň kabul edilmegi dowam etdi. Onuň yzyndan bolsa Kristina Kohuň dury sesi ýaňlandy: «Hýuston, „Integriti“, aragatnaşygy barlaýarys. Ýeri gaýtadan duýmak juda ýakymly».

Mundan sähel salym soň, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp kosmonawtlar bilen jaňlaşdy.

«Şu gün siz taryha girdiňiz we tutuş Amerikany hakykatdan hem buýsandyrdyňyz, örän buýsandyrdyňyz. Soňky wagtlar biziň buýsanmaga sebäplerimiz köp, emma siziň edeniňize taý geljek zat ýok. Ýarym asyrdan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek Aýa ýetip, onuň daşyndan aýlanyp we Ýerden uzaklygyň iň ýokary rekordyny goýduňyz» diýip, ol aýtdy.

Tramp şeýle hem kosmonawtlary yzyna gaýdyp gelenlerinden soň Ak öýe myhmançylyga çagyrdy. ABŞ-nyň Prezidentiniň sözlerine görä, ol olardan awtograf soraýar.

Çap edilen suratlar ilki NASA-nyň resmi çeşmelerinde däl-de, Ak öýüň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda peýda boldy. Suratlaryň birinde Ýeriň Aýyň gözýetiminden aşak düşüp barýan pursady şekillendirilipdir. Bu 1968-nji ýyldaky «Apollon 8» missiýasyndan soň taryha giren meşhur «Ýeriň doguşy» (Earthrise) suratynyň häzirki zaman görnüşidir. Suratda diňe bir Ýeriň diski däl, eýsem Aýyň ýüzi hem aýdyň görünýär. Onuň reňki adaty kümüşsöw-çal däl-de, eýsem goňrumtyl öwüşgin atýar. Onýyllyklardan soň adamlar ilkinji gezek Aýy we Ýeri şeýle burçdan awtomatiki enjamlar däl-de, adamly gäminiň içinden göni surata düşürmäge mümkinçilik aldylar.

Beýleki bir suratda bolsa Aýyň orbitasyndan Gün tutulmagy görkezilýär: «Bu adamyň taryhynda diňe sanlyja adamyň görüp bilen pursadydyr».

Häzirki wagtda «Orion» yzyna gaýtmak üçin ýola düşdi. Öýe tarap uçuş takmynan dört gün dowam eder, gäminiň 10-njy aprelde (Aşgabat wagty bilen — 11-nji aprelde ir säherde) Ýuwaş ummanyna gonmagyna garaşylýar.


şu gün 10:51
724

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
3k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2.1k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....