Dünýäniň iň beýik 20 binasyny bir infografika jemlediler

  • 07.04.2026 21:16
  • 11k+

Council on Vertical Urbanism-yň berýän maglumatlarynyň esasynda bilermenler 2026-njy ýylyň apreline çenli dünýäde iň beýik 20 binanyň infografikasyny döretdiler.

Dubaýyň 828 metr beýiklikdäki Burj-Halifa binasy iň ýakyn bäsdeşinden tas 150 metr öňe geçip, sanawda birinji orny eýeleýär.

Ikinji orny Malaýziýanyň Merdeka 118 gökdirän binasy, üçünji orny bolsa Şanhaý diňi eýeleýär.

Aziýanyň örän beýik binalaryň gurluşygynda absolýut öňdebaryjy bolmagynda galýandygy bellärliklidir: iň beýik 20 binanyň tas ýarysy Hytaýda ýerleşýär.

Aziýa sebitinden daşarda diňe üç bina bar: Sankt-Peterburgdaky Lahta merkezi (Ýewropadaky iň beýik bina) we Nýu-Ýorkdaky iki gökdirän bina – “Azatlyk diňi” diýlip hem atlandyrylýan One World Trade Center (541 metr) we dünýäde iň beýik gökdirän ýaşaýyş jaýy – Central Park Tower (472 metr).

Burj-Halifanyň ýakyn ýyllarda öňdeligini elden gidirmegi mümkin. Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower-iň gurluşygy dowam edýär, onuň beýikliginiň takmynan bir kilometre ýetmegine garaşylýar. Onuň gurluşygy 2028-nji ýylyň başynda tamamlanar we täze dünýä rekordyny goýup biler.


şu gün 08:03
489

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

04.06.2026 18:42
5.3k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

04.06.2026 17:17
5.6k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......

01.06.2026 20:16
6.3k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......