Dünýä egin-eşik bazarynyň göwrümi $1,75 trilliona ýetdi: iň uly ägirtler kimler?

  • 07.04.2026 16:35
  • 5.7k+

2025-nji ýylda dünýäniň lybas we moda bazarynyň umumy bahasy, takmynan 1,75 trillion dollar möçberinde kesgitlenildi. Bu örän uly mukdar bolup, dünýäniň jemi içerki önüminiň 1,6%-ine deňdir.

Moda dünýäsiniň iň gymmatly 3 brendi:

  • LVMH (Fransiýa) — $367,07 mlrd: dünýäniň iň uly moda topary bolup, onuň eýesi Bernar Arno dünýäniň iň baý bäş adamynyň biridir.
  • Hermès (Fransiýa) — $257,98 mlrd: bu marka diňe bir geýimleri däl, eýsem gymmat bahaly aksessuarlary we atyrlary bilen hem meşhurdyr.
  • Inditex (Ispaniýa) — $177,66 mlrd: hemmämize tanyş bolan Zara, Massimo Dutti we Bershka ýaly brendleriň eýesi.

Sanawdaky 133 sany moda kompaniýasynyň 49-sy Amerikada hasaba alnan hem bolsa, pullaryň köpüsi Fransiýa tarap akýar. Fransiýanyň bary-ýogy 5 sany kompaniýasynyň umumy bahasy $792 milliarda deň. Amerikanyň ähli kompaniýalarynyň jemi bahasy bolsa $539 milliard.

Moda pudagy diňe bir egin-eşik öndürmekden ybarat bolman, eýsem dünýä ykdysadyýetiniň berdaşly sütünleriniň biridir. Iň öňdebaryjy moda markalarynyň eýeleri bolsa dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyndan ymykly orun alandyrlar.


23.06.2026 08:37
7.7k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
4k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2.4k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.9k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......