«Doganlar Super Marionyň» dowamy $373 mln ýygnap, eýýäm çykdajysyny ýapdy

  • 09.04.2026 23:17
  • 1.4k+

«Super Mario: Galaktika kinosy» multfilminiň ilkinji dynç günlerinde gazanan girdejisi 373 million dollara ýetdi diýip, «Variety» neşiri habar berýär.

Nintendo franşizasy boýunça düşürilen bu multfilm 2026-njy ýylda başlangyç kassa ýygymlary boýunça rekord goýdy. Ol diňe 2023-nji ýyldaky birinji bölüminden az-kem yza galdy, şol wagt bu multfilm görkezilip başlananda 375 million dollar gazanypdy.

100 million dollarlyk býujeti bolan bu taslama eýýäm çykdajyny doly ödedi we peýda getirip başlady. Bilermenler bu täze filmiň 1 milliard dollarlyk sepgitden ynamly geçjekdigini çaklaýar, ýöne birinji bölümiň 1,36 milliard dollarlyk rekordynyň täzelenmezligi mümkin.

Filmiň dowamyndaky wakalar gahrymanlaryň kakasyny azat etmäge we patyşalygy basyp almaga çalyşýan Bouzer kiçi bilen gapma-garşylygyna gönükdirilendir. Tankytçylaryň, esasan, oňyn däl pikirlerine garamazdan, filmiň gazanan uly üstünligi tomaşaçylaryň bu bölüme bolan gyzyklanmasynyň durnuklydygyny tassyklaýar.


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....