Alymlar tirannozawryň derisini täzeden döretdiler: ondan eýýäm ýantorba ýasaldy

  • 07.04.2026 15:36
  • 3.2k+

Alymlar tarapyndan emeli usulda döredilen «tirannozawryň derisinden» ýasalan dünýädäki ilkinji ýantorba 660 müň dollar başlangyç baha bilen auksiona çykarylar. Bu material ýöne bir öýkünme däl: ol ýok bolup giden ýyrtyjynyň gaýtadan dikeldilen kollageniniň esasynda döredildi.

T-Rex Leather taslamasy «VML», «The Organoid Company» we «Lab-Grown Leather» kompaniýalarynyň bilelikdäki ylmy işiniň netijesidir, önümiň dizaýnyny bolsa «Enfin Levé» brendi işläp düzdi.

Derini öndürmek üçin alymlar daşlaşan galyndylarda saklanyp galan tirannozawryň kollagen yzygiderliligini ulandylar. Hasaplaýyş biologiýasynyň we emeli aňyň kömegi bilen doly DNK sintezlendi we ol göteriji öýjüklere ornaşdyryldy.

Emeli meňzeşliklerden tapawutlylykda, öňdebaryjy dokuma inženeriýasy (ATEP) tehnologiýasy ösdürilip ýetişdirilen öýjüklere tebigy gurluşy emele getirmäge mümkinçilik berýär. Netijede, haýwanlara we tokaýlara zeper ýetirmezden döredilen, tebigy deri bilen birmeňzeş bolan, biodargaýan we çydamly material alynýar.

Öndürijiler bu nusganyň ýeke-täk bolup galmajakdygyny mälim edýärler. Kompaniýalaryň meýilnamasynda — T-Rex Leather derisini öndürmegi dowam etdirmek we dürli brendler bilen hyzmatdaşlyk etmek bar. Geljekde 68 million ýyllyk genetiki maglumatlaryň esasynda döredilen bu materialyň diňe bir moda pudagynda däl, eýsem awtoulaglaryň içki bezeginde we beýleki senagat ugurlarynda hem ulanylmagyna garaşylýar.


23.06.2026 08:37
7.7k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
4k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2.4k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.9k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......