Ýaponiýa iş wizalaryny almak üçin täze talaplary girizýär

  • 07.04.2026 14:25
  • 5.8k+

Ýaponiýanyň hökümeti inžener, halkara hyzmatlary boýunça hünärmen we ynsanperwer ylymlary pudagyndaky wiza almak isleýänlerden ýapon dilini bilýändigi barada resmi tassyknamany talap etmek barada karar kabul etdi. Bu barada «Habr» portaly habar berýär. Syýasata 2026-njy ýylyň aprel aýynyň ortalarynda täzeden garamak meýilleşdirilýär.

Bu täzelik esasan galp işe ýerleşdirilmelere garşy göreşmegi maksat edinýär. Ýagny, daşary ýurtlular ýurda ýokary hünärli wiza bilen girip, emma hakykatda hünär talap edilmeýän işlerde işleýän ýagdaýlarynyň öňüni almak göz öňünde tutulýar.

Täze düzgünlere görä, dalaşgärler umumyýewropa ulgamy boýunça B2 derejesinde (bu görkeziji JLPT testiniň N2 derejesine degişlidir) dili bilýändiklerini tassyklaýan resminamalary bermelidirler. Häzirki wagtda bu wizalary almak üçin diňe ýokary bilimiň we degişli iş tejribesiniň bolmagy ýeterlikdir.

Täze talaplar diňe Ýaponiýada işlemek üçin ilkinji gezek ýaşamaga rugsatnama soraýanlara degişli bolar; eýýäm ýurduň içinde bolan we wiza derejesini iş wizasyna çalyşmak isleýän daşary ýurtly talyplar bu borçnamadan boşadylar.

Mundan başga-da, hökümet iş berijilere jerime çärelerini girizýär: öwrenijileri işe kabul etmekde düzgün bozulmalaryna (mysal üçin, zähmet haklarynyň tölenmezligi ýa-da fiziki zorluk ýaly ýagdaýlara) ýol beren kompaniýalara bäş ýyllap daşary ýurtly hünärmenleri işe almak gadagan ediler.

Migrasiýa gullugynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň ahyryna çenli Ýaponiýada 4,13 million daşary ýurt raýaty ýaşapdyr, olaryň 475 müňüsi inženerçilik we ynsanperwer ugurlary boýunça hünärmenlerdir.


04.06.2026 11:45
2.2k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.3k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
8.9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......

14.05.2026 14:43
2.3k+

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik gökdiräni — Torch Tower binasy gurulýar

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik binasy boljak «Torch Tower» diňiniň gurluşygy batly depginler bilen dowam edýär. Bu gökdirän diňe bir beýikligi bilen däl, eýsem binalaryň içerki meýdany boýunça hem dünýäde......