TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy $4 milliondan geçdi

  • 06.04.2026 15:53
  • 1.8k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 26 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport amallarynyň umumy möçberi 4 million ABŞ dollaryndan geçdi.

Daşary ýurt puluna BAE-niň, Owganystanyň, Gruziýanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen binýatlyk ýagy we polipropileni satyn aldy.

Şeýle hem daşary ýurt puluna nah ýüplük, bugdaý uny, buýan köküniň ekstrakty we ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlary ýerlenildi. BAE-niň, Türkiýäniň we Serbiýanyň telekeçiler alyjylar hökmünde çykyş etdi.

Içerki bazar üçin türkmen telekeçileri binýatlyk ýagy we polipropileni, «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürdi, şeýle hem bugdaý ununy, pagta soapstogynyň çig ýagly turşulygyny, nah matany we dokma önümleriniň galyndylaryny satyn aldy. Içerki geleşikleriň umumy möçberi 124 million 806 müň manatdan geçdi.


düýn 15:48
3.9k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 11:05
4.3k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 08:04
7.3k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......