Ýaponiýa adamlara ýetirýän zeleli sebäpli müňlerçe aýylaryň sanyny azaltmakçy

  • 06.04.2026 14:50
  • 9.6k+

Ýaponiýanyň häkimiýetleri aýylaryň ýetirýän zyýanyna garşy göreşmegiň 2030-njy ýyla çenli niýetlenen täze meýilnamasyny tassykladylar. Okinawa Times neşiriniň habar bermegine görä, bu resminama müňlerçe aýyny tutup, olaryň sanyny ep-esli azaltmagy göz öňünde tutýar.

Meýilnama laýyklykda, ýurduň dürli sebitleri üçin anyk görkezijiler bellenildi. Şunlukda Tohokuda 3 800 aýy, Týubuda 3 500 aýy, Kinki we Týugokuda 900 aýy, Kantoda 600 aýy tutular. Hokkaýdo adasynda bolsa ýerli häkimiýetler 2025–2034-nji ýyllar aralygynda jemi 12 540 sany aýydan dynmagy meýilleşdirýärler.

Aýylaryň adama has köp hüjüm edýän sebitlerinde (Tohoku, Kanto, Týubu we Hokkaýdo) olaryň sanyny 2030-njy ýyla çenli häzirki derejesinden 65%-e çenli azaltmak göz öňünde tutulýar. Zyýanyň az ýerlerinde bolsa, diňe aýylaryň sanynyň artmazlygy ugrunda göreşiler. Aýylary tutmak bilen meşgullanýan işgärleriň sany hem üç esse artdyrylyp, 2 500 adama ýetiriler. Göreş çäreleri üçin 10 müň sany gözenekli duzak we aýylary gorkuzyp gaçyrýan ýörite aerozol balonlarynyň 20 müňüsi ulanylar.


26.06.2026 20:34
1.5k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

25.06.2026 14:38
6.8k+

Islandiýada iki ýyllyk arakesmeden soň gaýtadan läheň awlamak başlandy

Islandiýada täjirçilik maksatly läheň awunyň wagtlaýynça bes edilmeginden iki ýyl geçirip,  ýene-de iki sany läheň awlandy. RUV teleradiokompaniýasynyň habar bermegine görä, bu aw suw jandarlaryny tutmaga......

25.06.2026 10:41
3.6k+

Zalymlyga garşy gözellik: Nature and Humans surat bäsleşiginiň netijeleri

Ýylda geçirilýän üçünji Nature and Humans Photo Competition surat bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi. Oňa dünýäniň 49 ýurdundan we sebitinden suratçylar gatnaşdylar. Şu ýylky halkara eminler toparyna meşhur......

22.06.2026 23:12
4.9k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......