Alymlar: stress dermatitli adamda ekzemanyň alamatlaryny güýçlendirýär

  • 01.04.2026 10:49
  • 2.8k+

Alymlar stressiň deridäki çişme proseslerini işjeňleşdirmek arkaly ekzemanyň alamatlaryny nähili güýçlendirýändigini anykladylar. Bu barlagyň netijeleri Science žurnalynda çap edildi.

Barlagyň awtorlary stressiň deriniň immun öýjüklerine täsir edýän we çişmäni güýçlendirýän neýronlar toparyny işjeňleşdirýändigini anykladylar. Fudan uniwersitetinden, barlagyň awtorlarynyň biri Şenbin Lýunyň sözlerine görä, bu "psihologik stress ýaly duýgynyň biologiki üýtgeşmelere, ýagny deriniň çişmegine nädip sebäp bolup biljekdigini" düşündirýär.

Bu barlag atopiki dermatitli 51 adamyň maglumatlarynyň seljermesine esaslanýar. Stress derejesi ýokary bolan gatnaşyjylarda deri çişmesi has güýçli bolup, çişme reaksiýalaryny güýçlendirýän immun öýjükleri bolan eozinofilleriň derejesi ýokarlandy.

Alymlar öz netijelerini barlamak üçin dermatit alamatlary bolan syçanlarda tejribe geçirdiler. Strese duçar bolan haýwanlarda gijilewük we çişme artdy, deridäki eozinofilleriň sany bolsa gözegçilik toparyndakylaryňka garanyňda dört esse ýokary boldy.

Goşmaça seljerme strese jogap berýän neýronlaryň bu öýjükleri derä çekýän beloklary bölüp çykarýandygyny görkezdi. Bu neýronlaryň petiklenmegi ýagdaýyň beterleşmeginiň öňüni aldy, bu bolsa barlagçylaryň pikirine görä, täze bejeriş usullarynyň esasyny düzüp biler.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......