Hermès 5150 dollarlyk zarýad berijili torbasyny tanyşdyrdy

  • 31.03.2026 16:42
  • 4.6k+

Hermès kompaniýasy MagSafe zarýad beriş ulgamy bilen üpjün edilen Grand Paddock torbasyny hödürledi. Täze aksessuara 5150 dollar baha kesilýär.

Torba ýokary hilli göle derisinden taýýarlanypdyr. Onuň içinde zarýad beriş blogy we kabeli, Apple Watch sagatlarynyň kemerleri, şeýle-de Apple MagSafe Duo-nyň analogy – Paddock Duo zarýad beriji enjamy üçin ýörite ýer göz öňünde tutulypdyr.

Bellemeli möhüm zat — sumkanyň toplumyna zarýad beriş blogy we kabeli girmeýär.

Grand Paddock diňe Paddock Duo enjamy bilen üpjün edilýär. Isleseň, zarýad berijini  aýratynlykda 1750 dollara satyn alybam bolýar.

4650 dollar bahaly Paddock Solo bu torbanyň has ýönekeý görnüşi bolup, ol Paddock Solo enjamy bilen gelýär.

Öndürijiler torbalaryň haýsy görnüşini alsaň-da, zarýad beriş blogyny we kabelini aýratynlykda satyn almalydygyny ýatladýar.


27.06.2026 20:25
3.6k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.7k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.6k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.7k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......