Caviar Stiw Jobsuň köýneginiň bölegi ýerleşdirilen iPhone 17 Pro-ny tanyşdyrdy

  • 31.03.2026 14:58
  • 7.9k+

Caviar kompaniýasy Apple-yň 50 ýyllygy mynasybetli iPhone 17 Pro smartfonlarynyň çäkli toplumyny hödürledi.

Taslamanyň esasy nusgasy hökmünde 2007-nji ýylyň ilkinji iPhone stilinde taýýarlanan «Stiw Jobs» modeli saýlandy. Bu enjamyň korpusyna kompaniýanyň düýbüni tutujynyň geýen gara reňkli ýakaly köýneginiň kiçijik bölegi goýuldy we onuň hakykylygy ýörite sertifikat bilen tassyklanyldy.

Smartfonyň dizaýny gara-kümüşsöw reňklerde bolup, onda Apple-yň süýşürilen logotipi, «50 Anniversary Edition» ýazgysy we Stiw Jobsuň goly ýerleşdirilipdir. Topluma gara titandan we karbondan ýasalan «Gara Alma» hem-de 18 karatlyk altyn bilen bezelen «Altyn Alma» nusgalar hem girýär. Enjamlar örän çäkli:«Stiw Jobs» modelinden bary-ýogy 9 sany, beýleki görnüşlerden bolsa 50 sany taýýarlandy. Bahalar 4 930 dollardan başlanýar.


24.06.2026 23:26
2.8k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.6k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....