Braziliýada 1,5 müňden gowrak seýrek görnüşli pyşbaga Riu-Negru derýasyna goýberildi

  • 31.03.2026 14:51
  • 3.7k+

Braziliýanyň Riu-Negru derýasyna tebigaty gorap saklamak maksatnamasynyň çäginde 1500-den gowrak amazonka pyşbagasynyň (Podocnemis expansa) çagalary goýberildi.

Nowo-Eýran şäheriniň golaýyndaky Žau milli seýilgähinde amala aşyrylan bu çäre ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriň köpelmegini goldamaga gönükdirilen uzak möhletleýin taslamanyň bir bölegidir.

Taslamany başlaýjy hökmünde Ýabany tebigaty goramak jemgyýeti çykyş edip, oňa ýerli ýaşaýjylar we Braziliýanyň ICMBio biodürlülik agentligi hem işjeň gatnaşdy. Guramaçylaryň bellemegine görä, şeýle başlangyçlar diňe bir seýrek görnüşleri gorap saklamaga kömek etmän, eýsem ýerli halklar bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge hem mümkinçilik berýär. Hünärmenler amala aşyrylmagy niýet edilýän şuňa meňzeş maksatnamalaryň Amazonka sebitiniň biodürlüligini gorap saklamakda möhüm orun eýelejekdigine ynanýarlar.


26.06.2026 20:34
1.4k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

25.06.2026 14:38
6.6k+

Islandiýada iki ýyllyk arakesmeden soň gaýtadan läheň awlamak başlandy

Islandiýada täjirçilik maksatly läheň awunyň wagtlaýynça bes edilmeginden iki ýyl geçirip,  ýene-de iki sany läheň awlandy. RUV teleradiokompaniýasynyň habar bermegine görä, bu aw suw jandarlaryny tutmaga......

25.06.2026 10:41
3.5k+

Zalymlyga garşy gözellik: Nature and Humans surat bäsleşiginiň netijeleri

Ýylda geçirilýän üçünji Nature and Humans Photo Competition surat bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi. Oňa dünýäniň 49 ýurdundan we sebitinden suratçylar gatnaşdylar. Şu ýylky halkara eminler toparyna meşhur......

20.06.2026 20:25
12k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......