Ýaponiýa iň mylakatly ilaty bolan ýurtlaryň sanawynda birinji orunda durýar

  • 27.03.2026 16:06
  • 5k+

Ýaponiýa 26 ýurtdan 4600 adamyň arasynda geçirilen pikirsoraşmanyň esasynda Remitly amerikan kompaniýasy tarapyndan düzülen iň mykatly ilaty bolan ýurtlaryň reýtinginde birinji orny eýeledi.

Barlaga gatnaşyjylardan adamlary iň mylakatly ýurtlarynyň adyny aýtmaklary we özleriniň mylakatlylyk derejesine baha bermekleri soraldy. Pikirsoraşma gatnaşanlaryň üçden bir böleginden gowragy — 35,15%-i Ýaponiýany lider diýip atlandyrdy.

Barlagyň awtorlary ýaponlaryň gündelik durmuşynyň köp ugurlarynda sypaýylygyň aýdyň görünýändigini belleýärler: baş egmek salamlaşmagyň we hormat goýmagyň alamaty hökmünde ulanylýar, dilleri bolsa geplemegiň sylaşykly görnüşine  esaslanýar.

Kanada ikinji orny eýeledi (13,35%). Barlagda kanadalylaryň aşa köp ötünç soraýandygy bilen bagly giň ýaýran stereotipiň hakykaty diýseň ýönekeýleşdirýändigi, ýöne başgalara hormat goýmak aragatnaşygyň möhüm bölegi bolmagynda galýandygy anyklandy.

Üçünji orny Beýik Britaniýa eýeledi (6,23%). Bu ýerde mylakatlylyk "haýyş edýärin" we "sag boluň" jümleleriniň ýygy-ýygydan ulanylmagy, şeýle hem nobata durmak medeniýeti bilen baglanyşyklydyr.

Adamlary iň mylakatly 10 ýurt:

  • Ýaponiýa – 35,15%
  • Kanada – 13,35%
  • Beýik Britaniýa – 6,23%
  • Hytaý – 3,07%
  • Germaniýa – 2,80%
  • Filippinler – 2,30%
  • Şwesiýa – 2,26%
  • Daniýa – 2,07%
  • Finlýandiýa – 1,92%
  • Günorta Afrika – 1,82%

Şeýle-de bolsa, bu ýurtlaryň ilatynyň öz-özüne berýän bahasy beýlekileriň pikirlerinden düýpli tapawutlanýar: Braziliýanyň, Çiliniň, Hindistanyň, Şwesiýanyň, Fransiýanyň, Meksikanyň, Ispaniýanyň, Günorta Afrikanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Portugaliýanyň ilaty özlerini iň mylakatly adamlar hasaplaýarlar. Pespäl ýaponlar bu sanawda 25-nji orny eýeleýärler.


22.06.2026 23:12
4.9k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

18.06.2026 22:13
5.5k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

04.06.2026 11:45
2.4k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....