Daşoguzda dessançy bagşylaryň festiwaly açyldy

  • 27.03.2026 14:04
  • 2.2k+

26-njy martda Daşoguz şäheriniň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda dessançy bagşylaryň «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym» atly festiwaly açyldy.

Açylyş dabarasyna medeniýet ulgamynyň wekilleri, sungaty öwrenijiler, dessançy bagşylar hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdy.

Festiwalyň açylyşynyň öňüsyrasynda bagşyçylyk ýolunyň taryhyna we häzirki döwürde ösdürilişine bagyşlanan sergi guraldy. Festiwal konsertler, ylmy-amaly maslahat we döredijilik duşuşyklary bilen utgaşdyrylýar.

Birinji günüň çäklerinde gatnaşyjylar welaýat muzeýine baryp gördi we «Goly sazly, tili sözli Görogly» atly sahna oýnuna tomaşa etdi. Ikinji günde bolsa taryhy ýerlere gezelençler we konsertler meýilleşdirildi.

Festiwalyň çäklerinde ýaş bagşy-sazandalar üçin ussatlyk sapaklaryny geçirmek hem göz öňünde tutulýar. Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara diplomlar we ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.


09.05.2026 12:10
5.6k+

Şakira dünýä çempionatynyň resmi senasy boljak täze aýdymyny hödürledi

Kolumbiýaly aýdymçy Şakira ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin «Dai Dai» atly aýdymyny hödürledi. Aýdymdan bölek onuň resmi YouTube sahypasynda ýerleşdirildi....

08.05.2026 22:18
2.3k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.5k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

06.05.2026 09:18
12k+

Öňünden barlaň... «Türkmenhowaýollarynyň» Frankfurta uçuşlary 3-nji terminala geçirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurt halkara howa menziline uçuşlary 2026-njy ýylyň 6-njy maýyndan başlap, 3-nji terminaldan amala aşyrylar we şol terminala hem geler. Bu barada awiakompaniýanyň özi......