NASA Aýda hemişelik baza gurmagy meýilleşdirýär

  • 26.03.2026 13:03
  • 2.2k+

NASA agentligi Aýda ýörite baza döretmek we Ýeriň hemrasynda adamyň hemişelik bolmagyny üpjün etmek bilen bagly meýilnamalaryny mälim etdi. Agentlik esasy ünsi Aýyň infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirýär we şol maksat esasynda Gateway stansiýasynyň häzirki işlerini wagtlaýynça togtatmagy göz öňünde tutýar.

Bu taslamany durmuşa geçirmäge Ýaponiýa, Italiýa we Kanada ýaly halkara hyzmatdaşlary hem çekmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de, eýýäm bar bolan tehnologiýalar we enjamlar ulanylar. NASA-nyň iş dolandyryjysy Jared Aýzekman: «NASA ýene bir gezek mümkin däl diýilýän zady amala aşyrmaga — prezident Trampyň wezipe möhletiniň ahyryna çenli Aýa dolanmaga, Aý bazasyny gurmaga we ol ýerde hemişelik bolmagymyzy üpjün etmäge, netijede kosmosda Amerikanyň liderligini saklamak üçin zerur bolan ähli işleri ýerine ýetirmäge çalyşýar» diýip belledi.

Ilkinji tapgyrda ABŞ Aýyň ýüzüni öwrenmek we tehnologiýalary barlap görmek üçin missiýalaryň sanyny artdyrmagy maksat edinýär. Soňra bolsa adamlaryň ýaşamagyna niýetlenen bölekleýin infrastruktura dörediler. Geljekde adamlary Aýa düşürmek üçin ulag ulgamlary ösdüriler we bu bolsa, wagtyň geçmegi bilen aýratyn ekspedisiýalardan hemişelik baza geçmäge mümkinçilik berer.


17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......