Philips 100 ýyllygy mynasybetli 80-nji ýyllaryň äheňindäki «Moving Sound» tapgyryny gaýtadan dikeltdi

  • 25.03.2026 08:33
  • 3.3k+

Philips kompaniýasy 100 ýyllyk ýubileýi mynasybetli nusgawy «Moving Sound» seriýasynyň gaýtadan dikeldilýändigini yglan etdi we 1980-nji ýyllaryň retro-stiline meňzedilen dizaýnly göçme kolonkalary hem-de gulaklyklary hödürledi.

Täze önümleriň arasynda «Tube» atly göçme kolonka bar. Görnüşi boýunça ol geçmişiň bumbokslaryny ýada salýar we şol bir wagtda özboluşly dizaýnyny saklap galýar. Enjamyň kuwwaty 140 Wt deňdir. Onuň gapdallarynda diametri takmynan 130 mm bolan iki sany giň zolakly dinamik, şeýle hem iki sany 19 mm-lik ýokary ýygylykly dinamik ýerleşdirilipdir. Kolonka açyk sary reňkde bolup, uly dolandyryş düwmeleri bilen enjamlaşdyrylan. Şeýle hem ol IP67 standarty boýunça suwdan goraglydyr we 24 sagada çenli zarýadsyz işläp bilýär. Enjamyň ölçegleri — 510 × 200 × 165 mm, bahasy bolsa — 350 ýewro.

Mundan başga-da, kuwwaty 60 Wt bolan has ykjam «Roller» kolonkasy hem hödürlendi. Onuň bahasy 180 ýewro deňdir.

Bu tapgyra «Ringo Duo» gulaklyklary hem goşuldy. Olar hem şol sary reňkde bolup, 40 mm-lik dinamikler bilen enjamlaşdyrylandyr we zarýad bermezden 26 sagada çenli işläp bilýär. Bu modeliň bahasy — 35 ýewro.


23.06.2026 08:37
7.7k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
4k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2.4k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.9k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......