Tesla Model Y sökülen görnüşde görkezildi: ine, awtoulagyň skeleti

  • 23.03.2026 21:23
  • 6.7k+

Tesla kompaniýasy Model Y elektrik ulagyny doly sökülen görnüşde görkezdi.  Kompaniýa onuň gurluşynyň we esasy tehnologik çözgütleriniň syryny açdy.

Bu ädimi bilen Tesla gigakasting tehnologiýasyna üns çekýär — ol uly iri galyplaýjy maşynlary ulanýar, bu bolsa kuzowyň uly böleklerini birgiden böleklerden ýygnamagyň ýerine, bir bitewi görnüşde öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu awtoulagyň agramyny azaldýar, ýygnamak prosesini ýeňilleşdirýär we mümkin bolan näsazlyklaryň sanyny azaldýar.

Sökülen modelde batareýanyň ýerleşdirilişi, ýönekeýleşdirilen sowadyş ulgamy we salonyň minimalistik gurluşy hem görkezilýär. Içinden otlanýan hereketlendirijili ulaglar bilen deňeşdirilende, onuň bu gurluşy o diýen çylşyrymly görünmeýär, bu bolsa tehniki taýdan hyzmat edilişine we ygtybarlylygyna täsir edýär.

Awtoulag öndürijileriň arasynda dizaýnyň şeýle açyk görkezilişi seýrek duş gelýär. Kompaniýa esasan diňe taýýar önümi däl, eýsem onuň gerekmejek elementlerini aýyrmaga we dizaýny ýönekeýleşdirmäge esaslanýan önümçilige ýykgyn edilýänini hem görkezýär.

Gurluşy köp derejede içinden otlanýan hereketlendirijili ulaglaryň häsiýetlerini saklaýan Toyota, Volkswagen we Ford ýaly däp bolan awtoulag öndürijileri bilen deňeşdirilende, Tesla-nyň çemeleşmesi has radikal görünýär. Bu bolsa alyjylaryň saýlawlaryna täsirini ýetirýär, sebäbi ulagyň arhitekturasy onuň berkligini we ulanylandaky çykdajylaryny kesgitleýär.


şu gün 09:56
1.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

düýn 00:00
2.5k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....