Gazagystanda piramida şekilli gökdirän binalar toplumyny gurup başladylar

  • 23.03.2026 17:05
  • 9.7k+

Gazagystanda Skidmore, Owings & Merrill (SOM) binagärlik kompaniýasy tarapyndan taslanan Alatau Iconic Complex and Gateway District taslamasy gurluşygyň başlangyç tapgyryna girdi.

Bu toplum häzirki wagtda gurluşygy dowam edýän hem-de ýurduň ykdysady we administratiw merkezi bolmaly Alatau şäherinde ýerleşer. Taslama dünýäde iň beýik binany we ABŞ-da iň beýik gökdirän binany guranlygy bilen meşhur bolan SOM firmasy tarapyndan işlenip düzüldi.

Bu etrabyň binagärlik merkezi Zailiý Alatausynyň jülgelerinden we buzluklaryndan ylham alan iki sany asimmetrik pahnapisint diň bolar. Esasy diňiň beýikligi 272 metr bolar hem-de onda ofisler we ýaşaýyş rezidensiýalary bolar. Gurluşygy tamamlanandan soň, ol Almaty sebitinde we Günorta Gazagystanyň iň beýik binasy bolar. 80 metr beýiklikdäki ikinji diň myhmanhanany we apartamentleri ýerleşdirmek üçin niýetlenendir.

Taslama sebitiň ýokary seýsmiki işjeňligini göz öňünde tutýar. Inženerler iki dizaýn görnüşini: Ýaponiýada ulanylýan titremäni basyjy ulgamy ýa-da amerikan modeline esaslanýan aşa berk polat çarçuwany göz öňünde tutýarlar.

Binalarda energiýany ýokary derejede tygşytlaýan fasadlar we günüň gyzgynlygyny peseltmek üçin kölege ulgamlary bolar. Içki atriumlar tebigy ýagtylygy we dag peýzažynyň panoramik görnüşlerini üpjün eder.

Diňleriň düýbünde üç gatly stilobat, bag-bakja, dükanlar, medeni meýdançalar we çäre geçirilýän ýerler meýilleşdirilen.

Gurluşyk meýdançasynda taýýarlyk işleri eýýäm başlandy, esasy ýer işlerine maý aýynda başlamak meýilleşdirilýär. Gurluşygyň 2029-njy ýylyň ahyryna çenli tamamlanmagyna garaşylýar.


28.05.2026 17:06
4.3k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 14:35
6k+

Gazagystan sebitde ilkinji bolup, emeli ýagyn tehnologiýasyny ulandy

Gazagystanyň Türküstan şäherinde emeli usul bilen ýagyn mukdaryny köpeltmek taslamasynyň açylyş dabarasy boldy. Şeýlelikde Gazagystan sebitde emeli ýagyn tehnologiýasyny iş ýüzünde ulanyp başlan ilkinji ýurt......

23.05.2026 19:54
2.7k+

Minsk we Karaganda GDA-nyň Ýaşlar paýtagty bolar

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti öňümizdäki iki ýyl üçin Arkalaşygyň Ýaşlar paýtagtlaryny kesgitledi. Bu dereje 2027-nji ýylda Minsk şäherine (Belarusuň paýtagty), 2028-nji ýylda bolsa Karaganda şäherine......

21.05.2026 23:06
906

Astanada Benksiniň asyl nusgadaky eserleriniň sergisi açyldy

Gazagystanyň paýtagty Astanadaky «Lumiere Hall» multimediýa meýdançasynda dünýä belli britan köçe suratkeşi Benksä bagyşlanan «Benksi: genimi ýa-da ýumrujy?» atly sergi açyldy....