«Göribiň gözi çyksyn!»: Türkiýedäki 1500 ýyllyk mozaikadan şeýle ýazgy tapyldy

  • 23.03.2026 16:47
  • 7.2k+

Türkiýäniň Ortaýer deňziniň kenaryndaky gadymy Siedra şäherinde arheologlar takmynan 1500 ýyllyk, gowy saklanan we gadymy grek dilinde degişmeli ýazgylar ýazylan mozaikany tapdylar. Onuň ýüzünde «Göribiň gözi çyksyn!!» diýen ýazgynyň bolmagy okanlarda geň galmak duýgusyny döretdi.

Alanýa uniwersitetiniň dosenti Ertug Ergüreriň ýolbaşçylygyndaky gazuw-agtaryş işlerinde tapylan bu 15 inedördül metr meýdanly mozaika gadym wagtlar bir baý adamyň ýaşan jaýynyň gapysyny bezän bolmaga çemeli. Sebäbi onuň dik merkezinde sahylygy hem myhmanparazlygy aňladýan «Şady-horramlykda ulanyň!» diýen hoşniýetli jümläniň, günorta böleginde bolsa uşak-düşek betniýet kişilere gönükdirilen «Göribiň gözi çyksyn!» diýen ýazgynyň bolmagy, şeýle pikir etmäge esas berýär.

Alymlaryň düşündirmegine görä, antik döwrüň ahyrlarynda işikden beýle ýazgylary asmak adat bolupdyr. Olar bir tarapdan, öý eýesiniň myhmanparazlygyny görkezse, ikinji tarapdan, öýi göz-dilden, kakyn-silkinden goramak üçin özboluşly doga-tumar hyzmatyny ýerine ýetiripdir.


19.06.2026 20:02
1.4k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

19.06.2026 19:49
4.5k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

18.06.2026 22:30
3.9k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

18.06.2026 11:17
4.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......