Doňdurylan syçanlar bilen geçirilen synag baky ýaşaýyş hakda täze jedeliň döremegine sebäp boldy

  • 23.03.2026 15:21
  • 6.7k+

“Geljegiň hatyrasyna doňmak” baradaky gürrüňler köpden bäri ylmy gözlegleriň, jedelleriň we hatda tankytlaryň temasy bolup gelýär. Şeýle-de bolsa, laboratoriýada alymlar janly beýnini saklamaga synanyşyklarda näderejede uzaga gidip boljagyny seresaplylyk bilen barlamagy dowam etdirýärler.

Golaýda Germaniýanyň iki uniwersitetiniň barlagçylary tarapyndan synag geçirildi. Olar laboratoriýa syçanlary bilen işlediler we dokumalarda buz kristallarynyň emele gelmeýän ýörite doňdurma usulyny ulandylar. Bu möhüm jikme-jiklik: adatça buz öýjükleri ýok edýär we nerw baglanyşyklaryna zeper ýetirýär. Bu baglanyşyklar bolmasa ýady, şahsyýeti we aňy gorap saklap bolmaz.

Alymlar doňy çözülenden soň beýni dokumasynyň joýalaryny öwrendiler. Syçanlar, elbetde, “direlmedi”, ýöne nerw dokumasynyň reaksiýasy garaşylmadyk netijäni berdi: barlagçylaryň sözlerine görä, ol “kadaly ýagdaýa ýakyn”. Işiň netijeleri Nature ylmy žurnalynda çap edildi. Barlagyň awtorlarynyň pikirine görä, beýle tehnologiýalar esasan lukmançylykda, mysal üçin, derman önümçiliginde ýa-da transplantologiýada peýdaly bolup biler.

Şeýle-de bolsa, hünärmenler belli netijä gelmäge howlukmazlyga çagyrýarlar. Newrofiziolog we gerontolog lukmany Waleriý Nowoselow laboratoriýa haýwanlaryndan alnan netijeleri adamlara geçirmegiň mümkin däldigini ýatladýar.

Ol: "Model haýwanlardaky barlag adamlarda geçirilip bilinmez. Hiç bir syçanjygyň 86 milliard neýrony ýok. Elbetde, belok doňy çözülende öz gurluşyny ýitirýär. Men eýýäm 35 ýyl bäri kriokonserwasiýa barada eşidýärin. Ýöne adamyň kelle beýnisiniň birnäçe wagtlap metabolizmsiz we elektrik işjeňligi bolmazdan saklanyp biljekdigi, soň bolsa doňy çözüp, ýaşamagy dowam etdirjekdigi baradaky pikire gaty şübheli garaýaryn" -diýip belledi.

Gyzykly tarapy, alymlar diňe gemrijilerden maglumat gözlemeýärler. Mysal üçin, Sibir salamandrasy –50° C-a çenli aýaza çydamaga ukyply. Onuň bagry tebigy “antifriz” hökmünde täsir edýän madda bolan gliserini işläp çykarýar we öýjükleri zaýalanmakdan goraýar.

Alymlar ähli tehnologiýalara garamazdan, esasy sowala - hakykatdanam adam aňyny gorap saklamak mümkinmi diýen soraga jogap bermekden entek daşdadygymyzy boýun alýarlar. Biolog Ýewgeniý Maşşenko beýniniň nädip maglumatlary saklap bilýändigini ylmyň henizem bilmeýändigini nygtaýar.

Ol: "Beýniniň maglumatlary nädip saklaýandygyny hiç kim bilenok. Doňuny çözenden soň onuň käbir funksiýalaryny dikeltmek kyn: gurluşy gaty inçe" - diýip belledi.

Şonuň üçin häzirki wagtda doňdurmak bilen geçirilýän synaglar geljekki lukmançylyk tehnologiýalaryna, mysal üçin transplantasiýa etmek üçin niýetlenen organlary gorap saklamaga tarap ädimdir. “Ýüz ýyldan oýanmak” pikiri henizem ylym bilen fantastikanyň serhedinde bolup galýar.


şu gün 12:00
2.1k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......