Demrewe garşy sanjym infarkt howpuny 32% peseldýär

  • 23.03.2026 00:57
  • 2.4k+

Amerikanyň Kardiologiýa kollejiniň ýyllyk ylmy maslahatynda hödürlenen täze maglumatlara görä, demrewe garşy sanjym almak ýürek-damar keselli adamlarda infarkt döremek howpuny 32% peseldip biler.

Alymlar bu netijäni gazanmak üçin ABŞ-yň ateroskleroz (damarlaryň daralmagy) keselli 246 müňden gowrak ýaşaýjysynyň maglumatlaryny öwrendiler. Onda ýaşy 50-den geçen, sanjym alan we almadyk, saglyk ýagdaýlary meňzeş bolan adamlar deňeşdirildi.

Şunlukda bir ýylyň dowamynda sanjym alanlarda infarkt 32%, insult 25%, ýürek ýetmezçiligi 25% peseldi. Umumy heläk bolmak derejesi bolsa takmynan 66% aşak düşdi.

Alymlar munuň sebäbini şeýle düşündirýärler. Belli bolşy ýaly, gurşaýjy demrew garamygyň gaýta ýokaşmagy zerarly ýüze çykýar we bedende güýçli çişme döredýär. Alymlaryň pikiriçe, bu çişme damarlarda lagta ganyň emele gelmegine we netijede ýürek infarktyna ýa-da insulta sebäp bolup bilýär. Demrew örgüniniň garşysyna edilýän sanjym bolsa, bu wirusyň öňüni alyp, tutuş bedendäki çişme howpuny azaldýar.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......