Eweresti eýelän alpinistler yzlaryna 2 kg zibil alyp gaýdarlar

  • 21.03.2026 00:40
  • 6.5k+

«Nepal häkimiýetleri Ewerest dagyna çykýan alpinistler üçin täze düzgün girizdiler. Oňa görä, indi olar ikinji binýatlyk lagerden (6 400–6 750 metr) ýokardaky künjeklere çykanlarynda, gaýdyşyn azyndan 2 kg zibil ýygnap getirmeli bolarlar» diýip, The Himalayan Times gazeti habar berdi.

Aslynda-da ekspedisiýanyň agzalary ýöriş tamamlanandan soň binýatlyk lagere 8 kg galyndy tabşyrmaly edilipdi. Indi bolsa muňa iň belent nokada ýakyn ýerlerden zibil ýygnamak borjy hem goşuldy. Talaplaryň ýerine ýetirilişine Sagarmatha hapalanma gözegçilik komitetiniň işgärleri gözegçilik ederler.

Komitetiň baş direktory Tsering Şerpa şu möwsümden başlap, alpinistlere öz şahsy galyndylary salnan paketlerini ulanmagyň hem gadagan edilendigini duýdurdy. Mundan beýläk olar öz hajatlary üçin komitet we ýerli häkimiýetler tarapyndan berilýän ýörite gaplary ulanmaly bolarlar.

«Hökmany ulanylmaly bu zibil haltalar hasaba alnar we alpinistler ýörişden dolanyp gelenlerinde yzyna ýygnalar» diýip, Tsering Şerpa täze düzgüniň käbir aýratynlyklaryny düşündirýär.

Onuň aýtmagyna görä, bu çäräniň maksady dagyň üstünde hapa galyndylaryň bolmazlygyny gazanmakdyr. 


23.05.2026 11:06
4.3k+

Iki alpinist Ewereste çykmak boýunça dünýä rekordlaryny täzeledi

Nepally alpinist Kami Rita Şerpa 32-nji gezek Ewereste çykyp, dünýäniň iň belent nokadyna çykmagyň sany boýunça dünýä rekordyny täzeledi. Şol gün onuň watandaşy, 53 ýaşly Lhakpa Şerpa hem 11-nji gezek......

16.05.2026 11:13
9.1k+

Türkmenistanyň baýdagy Annapurna depesinde dikildi

«Morinžgeologiýa» hyzmat kärhanalarynyň toparynyň işgärleri Nepaldaky beýikligi 8091 metre ýetýän Annapurna depesine çykdy we onuň iň beýik nokadynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny galdyrdy. «Altyn asyr»......

18.02.2026 00:40
3.8k+

Nepally alpinist 15 günde Ewereste dört gezek çykyp, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Nepally şerpa-alpinist 15 günüň dowamynda Ewerest depesine dört gezek çykyp, Ginnesiň rekordlar kitabynyň şahadatnamasyny aldy. 30 ýaşly Taşi Gýalsen 2025-nji ýylyň 9-njy, 14-nji, 19-njy we 23-nji maýynda Jomolungma depesine günorta tarapyndan çykyp, alpinizm taryhyna girdi diýip, «The Himalayan Times» gazeti habar berýär...

şu gün 11:37
2.1k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......