Iki alpinist Ewereste çykmak boýunça dünýä rekordlaryny täzeledi

  • 23.05.2026 11:06
  • 4.3k+

Nepally alpinist Kami Rita Şerpa 32-nji gezek Ewereste çykyp, dünýäniň iň belent nokadyna çykmagyň sany boýunça dünýä rekordyny täzeledi. Şol gün onuň watandaşy, 53 ýaşly Lhakpa Şerpa hem 11-nji gezek belentligi eýeläp, aýallaryň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy diýip, «Himalayan Times» neşiri habar berdi.

Nobatdaky çykyşyny 55 ýaşly Kami Rita Şerpa ýekşenbe güni irden amala aşyrdy. Mundan öň alpinist sosial torlarda Ewerestdäki karýerasyny tamamlamak ähtimallygynyň bardygyny aýdypdy. Çäräni guraýan kompaniýanyň wekili türgeniň bolup biljek 33-nji çykyşy baradaky gutarnykly çözgüdini baza dolanyp gelenden soň kabul etjekdigini mälim etdi.

Kami Rita Şerpa Nepalyň iň meşhur belentlik ýolbeletleriniň biri hasaplanýar. Ol Ewereste guralýan täjirçilik ekspedisiýalaryna yzygiderli gatnaşyp, depä çykmagyň sany boýunça dünýä rekordyny saklaýar.

Lhakpa Şerpa bolsa Eweresti ilkinji gezek 2000-nji ýylda, ýagny ilkinji gyzy dünýä inenden sekiz aý soň we ikinji çagasyna göwreli wagty boýun egdiripdi.


düýn 10:59
6.3k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
4.9k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
6.9k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

08.06.2026 08:03
5.1k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....