Samarkantda ymam al-Buharynyň toplumy açyldy: indi ol 65 müň zyýaratçyny kabul edip bilýär

  • 20.03.2026 18:20
  • 7.7k+

Özbegistanyň Samarkant welaýatynda düýpli durkuny täzeleme işlerinden soň, ymam al-Buharynyň täzelenen ýadygärlik toplumy açyldy. Indi bu iri ruhy merkez öňki 12 müň adamyň deregine, her gün 65 müňe çenli zyýaratçyny kabul edip bilýär.

Ymam al-Buhary toplumy Samarkant welaýatynda yslam dünýäsiniň belli alymy Muhammet in Ysmaýyl al-Buharynyň Hijri senenamasy boýunça doglan gününiň 1225 ýyllygy mynasybetli 1997-1998-nji ýyllarda guruldy. Indi bolsa bu toplum düýpgöter täzelendi.

45 gektar meýdanda 10 müň adamlyk täze metjit, dolandyryş binalary we 154 sütünli eýwan guruldy. Binagärlik toplumyny 14 sany gök gümmez we beýikligi 75 metr bolan dört sany minara bezedi — olar bütin toplumyň esasy binagärlik aýratynlygy boldy.

Infrastruktura hem aýratyn üns berildi. Toplumyň golaýynda döwrebap syýahatçylyk klasteri peýda boldy: bir sany dört ýyldyzly we iki sany üç ýyldyzly myhmanhana, 176 orunlyk 22 sany maşgala myhman öýi we uly awtoduralga guruldy. 15 gektarlyk aýratyn meýdanda hyzmat ediş desgalary we zyýaratçylar üçin abadanlaşdyrylan zolaklar ýerleşýär.

Iň möhüm täzelikleriň biri bolsa, sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen döredilen dokuz sany pawilýondan ybarat muzeý boldy. Bu ýerde yslam dünýäsinde «muhaddisleriň soltany» diýlip tanalýan ymam Buharynyň durmuşy, onuň ylmy mirasy, şeýle hem pygamberleriň taryhy, hadyslary ýygnamak we ýazmak işleri barada gürrüň berilýär.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew toplumyň işleri bilen ýakyndan tanyşdy. Bu ýerde onuň teklibi bilen Remezan baýramynyň tamamlanmagy mynasybetli ilkinji baýram namazy geçirildi.


10.06.2026 16:40
2.8k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
9.8k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......