BMW-niň ýolbaşçysy X5 krossoweriniň täze nesliniň tiz wagtdan tanyşdyryljakdygyny tassyklady

  • 18.03.2026 11:16
  • 3.8k+

BMW kompaniýasy X5 krossoweriniň täze neslini taýýarlaýar. Modeliň tanyşdyrylyş dabarasyna eýýäm şu ýylyň tomsunda garaşylýar. Bu barada konserniň ýolbaşçysy Oliwer Sipse geçen ýylyň jemlerine bagyşlanan her ýyllyk maslahatda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, täze BMW X5 brendiň taryhynda bir wagtyň özünde bäş dürli çekiji ulgam (priwod) bilen satyljak ilkinji modeli bolar. Alyjylara benzinli we dizelli hereketlendirijiler, gibrid desgalary we doly elektrikli motorlar hödürlener. 2028-nji ýylda bolsa kompaniýa X5-iň wodorod ýangyç elementlerinde işleýän görnüşini hem çykarmagy meýilleşdirýär.

Konserniň ýolbaşçysy bu krossoweriň häzirki bar bolan modeller hataryna Neue Klasse tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynyň ilkinji mysallaryndan biri boljakdygyny belledi. Bu ýerde gürrüň täze programma üpjünçiligi, mediaulgamlar we täzelenen dizaýn barada gidýär.

Ozal çap edilen içaly suratlaryna görä, awtoulagyň kuzowy has ýumşak çyzyklara we düýpli üýtgedilen öň tarapa eýe bolar. Salonda bolsa öňdäki aýnanyň bütin giňligine uzalyp gidýän panorama iDrive displeýiniň peýda bolmagy mümkin.

Täze BMW X5-iň önümçiliginiň kompaniýanyň ýakynda döwrebaplaşdyrylan ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynda ýola goýulmagyna garaşylýar.


düýn 19:58
1.1k+

Maserati meşhur üç dişli nyşanynyň ýüz ýyllygyny "GT2 Stradale" ýörite wersiýasy bilen belledi

Maserati kompaniýasy soňlugy bilen brendiň logotipine öwrülen meşhur üç dişli nyşanynyň ilkinji gezek ulanylan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan "GT2 Stradale" superkarynyň ýörite wersiýasyny tanyşdyrdy.......

düýn 19:49
2.1k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

düýn 16:58
1.9k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
5.8k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....