Fransiýa bir asyr mundan öň alnyp gidilen «gepleýän depregi» Kot-d’Iwuara gaýtaryp berdi

  • 17.03.2026 10:56
  • 8.1k+

Fransiýa mundan 110 ýyl ozal Kot-d’Iwuardan alnyp gidilen rowaýaty «Jiji Aýokwe» atly «gepleýän depregi» yzyna gowşurdy. Bu barada The Guardian neşiri habar berýär.

Uzynlygy 4 metr, agramy 430 kilogram bolan bu äpet saz guraly adamyň gepleýiş sesini gaýtalamaga ukyplydyr. Geçmişde ony daş aralyklara habar ýetirmek üçin ulanypdyrlar.

Baknalyk häkimiýetine garşylygyň nyşanyna öwrülen deprek ebriýe halky üçin örän möhüm simwoliki ähmiýete eýedir. Fransiýanyň baknalyk häkimiýetleri 1916-njy ýylda ýerli ýaşaýjylaryň ýol gurluşygyndaky mejbury işlerden boýun gaçyrmaklary sebäpli, temmi hökmünde depregi alyp gidipdiler.

Täsin taryhy gymmatlyk Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makronyň 2021-nji ýylda beren wadasyndan soň yzyna gaýtaryldy. Medeni mirasyny yzyna almak baradaky gepleşikler dört ýyl dowam etdi.

Kot-d’Iwuaryň medeniýet ministri Fransuaza Remark depregiň gaýtarylmagyny «Adalaty we hormaty galkyndyran taryhy pursat» diýip atlandyrdy.

Deprek Abidžan şäheriniň aeroportynda dabaraly ýagdaýda garşylandy. Geljekde ol Kot-d’Iwuaryň Ösüşler muzeýinde hemişelik ýerleşdiriler. ÝUNESKO eýýäm bu sergini taýýarlamak üçin 100 müň dollar serişde geçirdi.


düýn 20:06
2.1k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

06.06.2026 14:40
2.2k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

06.06.2026 07:56
2.1k+

«Metallica» rok topary Gyzyl Haç jemgyýetine 10 müňe golaý donor toplap berdi

«Metallica» toparynyň Germaniýada geçiren konsertleriniň dowamynda «Nemes Gyzyl Haç» jemgyýeti bilen bilelikde guralan gan tabşyrmak çäresine 10 müňe golaý adam gatnaşdy....

05.06.2026 11:37
3.5k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......