Hytaý awtoulaglary ýurduň içindäkä garanyňda, daşary ýurda has köp satylýar

  • 14.03.2026 09:25
  • 4.1k+

Hytaýyň iri awtoulag öndürijileri daşary ýurt bazarlaryna barha köp üns berip ugradylar. Ýurduň içinde satuwyň ösüşiniň haýallamagy kompaniýalaryň Hytaýdan daşarda täze müşderileri has işjeň gözlemäge mejbur edýär.

BYD munuň aýdyň mysalydyr. Ol fewral aýynda ilkinji gezek içerki bazarda satanyndan has köp awtoulagy daşary ýurtlara iberdi. Eksport edilen awtoulaglaryň jemi sany takmynan 100 600 birlige ýetdi — bu aýyň umumy satuwynyň takmynan 53%-ini düzýär.

Great Wall Motor kompaniýasy hem şuňa meňzeş ýagdaýy başdan geçirýär. Fewral aýynda ol 72 600 töweregi ulag satdy, olaryň 42 600-den gowragy daşary ýurt bazarlaryna iberildi.

Birnäçe ýyl mundan ozal, hytaýly önüm öndürijileriň köpüsi dünýäde iň uly bazar hasaplanýan diňe içerki bazara üns berýärdiler. Emma brendleriň arasyndaky baha bäsdeşligi, girdejiniň azalmagy we sarp edijileriň has seresaply hereketi kompaniýalary ösüşiň täze ýollaryny gözlemäge mejbur etdi.

Pudagyň maglumatlaryna görä, Hytaýyň awtoulag öndürijileri 2025-nji ýylda jemi 2,6 milliondan gowrak ulagy eksport etdiler — bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende iki esse köp. Esasy bazarlar Günorta-Gündogar Aziýa, Ýakyn Gündogar we Latyn Amerikasy boldy.

Şol bir wagtyň özünde, Ýewropa we Demirgazyk Amerika tarapyndan söwda basyşy güýçlenýär, täze paçlar we çäklendirmeler girizilýär. Muňa jogap hökmünde hytaý kompaniýalary daşary ýurtlardaky zawodlara, dilerlik ulgamlaryna we hyzmat infrastrukturasyna maýa goýýarlar.


21.05.2026 11:31
6.1k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.6k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......

13.05.2026 23:03
2k+

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......

13.05.2026 09:33
7.6k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......