BMW-niň gatnaşmazlygynda döredilen seýrek BMW auksiona çykaryldy

  • 13.03.2026 11:21
  • 2.9k+

«Bring a Trailer» onlaýn auksionynda 1955-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän EMW 327 Sport kabrioleti satuwa çykaryldy. Habar çap edilen pursatynda awtoulag üçin goýlan nyrh 40 250 dollara ýetdi, söwdalaşygyň tamamlanmagyna bolsa ýene üç gün bar.

Bu model ilkinji gezek 1937-nji ýylda peýda bolan BMW 327 awtoulagy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. 1941-nji ýyla çenli bu ulaglar, şol sanda kompaniýanyň Aýzenah şäherindäki zawodynda hem öndürilipdir. Ikinji jahan urşundan soň, kärhana önümçiligini täzeden dikeldýär, ýöne eýýäm Gündogar Germaniýanyň häkimiýetleriniň gözegçiligi astyna geçýär.

Ilki bilen awtoulaglar BMW markasy astynda öndürilmegini dowam etdirýär, emma 1952-nji ýylda zawod täze — Eisenacher Motorenwerk (EMW) adyny we öz hususy logotipini alýar. Logotipdäki ak-gök reňkleriň ýerini ak-gyzyl reňkler eýeleýär. Käbir çaklamalara görä, bu hili ulaglardan jemi 505 sanysy öndürilipdir.

Satuwa çykarylan kabriolet bu seriýanyň iň soňky nusgalaryna degişlidir. 2000-nji ýylda awtoulag düýpli dikeldiş işlerinden geçdi we onuň hereketlendirijisi doly bejerildi. Şol bir wagtyň özünde, soňky ýyllarda talabalaýyk saklanmandygy sebäpli, kuzowynda käbir şikesler galypdyr.

Awtoulag iki sany «Solex» karbýuratory bolan 2,0 litrlik alty silindrli hatarly hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan. Onuň güýji takmynan 55 at güýjüne deň bolup, hereketlendiriji dört basgançakly mehaniki geçirijiler guty bilen bilelikde işleýär. Görkezilen ýörelen ýoly — 21,5 müň kilometr, ýöne satyjy bu aralygyň haýsy döwürden bäri hasaplanýandygyny takyk bellemeýär.


01.06.2026 10:57
3.2k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

17.05.2026 15:25
7.5k+

Ýyrtyjynyň keşbinde kaşaň ulag: 5,2 metrlik Vision BMW Alpina görkezildi

2026-njy ýylda BMW Group-yň düzümine giren Alpina kompaniýasy ösüşiň täze tapgyrynda brendiň ilkinji awtoulagy bolan Vision BMW Alpina konseptini tanyşdyrdy....