Jeep Wrangler berklik synaglarynda agdarylmagyny bes etdi

  • 12.03.2026 21:25
  • 4.1k+

Jeep kompaniýasy 2026-njy ýylyň modelleri bolan Wrangler we Gladiator wnedorožnik awtoulaglaryny döwrebaplaşdyryp, agdarylmak meselesini aradan aýyrdy. ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky ätiýaçlandyryş institutynyň (IIHS) habar bermegine görä, bu mesele ençeme ýyllaryň dowamynda kraş-testlerde (berklik synaglarynda) bu modellere böwet bolup gelýärdi.

Gürrüň sürüji tarapyndan az meýdanly maňlaýma-maňlaý çakyşma (lobowoý) synagy barada barýar. Öňki synaglarda Wrangler urgudan soň agdarylýardy ýa-da bölekleýin gapdala düşýärdi.

Bu mesele ilkinji gezek 2019-njy ýylda hasaba alyndy. IIHS-niň hünärmenleri hatda, bölekleýin agdarylmagyň hem ýolagçynyň awtoulagdan daşary zyňylmak töwekgelçiligini artdyrýandygyny bellediler. Wrangler üçin bu töwekgelçilik aýratyn ýokary hasaplanýardy, sebäbi wnedorožnik awtoulagy aýrylyp-dakylýan gapylar we üçek bilen enjamlaşdyrylýar hem-de onuň gapdal howpsuzlyk ýassyklary ýokdur.

Ilkinji şowsuz synaglardan soň öndüriji gurluşy kämilleşdirmäge synanyşdy, emma 2022-nji ýylyň modeli meňzeş synagda ýene-de agdaryldy.

2026-njy ýylyň modellerinde inženerler ramanyň gurluşyny üýtgetdiler. Täze synagda awtoulag tekerleriniň üstünde galdy: yzky tekerler howa galsa-da, doly agdarylmaýar.

Şeýle üýtgeşmeler Jeep Gladiator awtoulaglaryna hem degişlidir. 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndan soň öndürilen iki awtoulag hem bu synagda öňki "kanagatlanarly" bahasynyň ýerine "kabul ederlikli" diýen bahany aldy.

Şol bir wagtyň özünde, öňdäki ýolagçy tarapyndan geçirilen synagda hünärmenler sag aýagyň we dabanyň şikeslenmek töwekgelçiliginiň ýokarydygyny anykladylar.


düýn 19:58
1k+

Maserati meşhur üç dişli nyşanynyň ýüz ýyllygyny "GT2 Stradale" ýörite wersiýasy bilen belledi

Maserati kompaniýasy soňlugy bilen brendiň logotipine öwrülen meşhur üç dişli nyşanynyň ilkinji gezek ulanylan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan "GT2 Stradale" superkarynyň ýörite wersiýasyny tanyşdyrdy.......

düýn 19:49
1.9k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

düýn 16:58
1.8k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
5.7k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....