Subaru awtoulaglary “reaktiw hereketlendirijili” bolar: ýaponlar turbina-generatora patent aldylar

  • 11.03.2026 08:13
  • 4.8k+

Subaru kompaniýasy awtoulag pudagy üçin adaty bolmadyk tehnologiýany – ýöreýiş ätiýaçlygy uzaldylan elektrik awtoulaglarynda turbinany ulanmagy işläp düzmegini dowam etdirýär. Täze patent kompaniýanyň generator hökmünde hyzmat etjek kiçi turbinany işe girizmek we dolandyrmak üçin çözgütleri gözleýändigini tassyklaýar.

Turbinalar ýangyjy köp sarp edýänligi we üýtgeýän ýüklerde netijeliliginiň pesdigi sebäpli adaty awtoulaglarda seýrek ulanylýar. Şeýle-de bolsa, generator režiminde, durnukly aýlanma tizligi bilen işleýän mahaly, şeýle gurluş has ykjam we netijeli bolup biler. Bu ýagdaýda turbina energiýa öndürmek we ýokary woltly batareýa täzeden zarýad bermek üçin ulanylýar, netijede ulagy EREV görnüşli modele öwürýär.

Birinji patentde turbinanyň ýokary woltly batareýa arkaly tizleşdirilen görnüşde işe girizilişi beýan edilýär. Çekiji elektrik hereketlendirijisi generatory aýlandyrýar, soňra turbinany iş tizligine çykarýar, bu gibrid awtoulaglarda içinden otlanýan hereketlendirijiniň işe girizilişine meňzeşdir.

Täze resminamada ýokary woltly batareýanyň zarýadynyň çökendäki ýagdaýy beýan edilýär. Bu ýagdaýda ulgam turbiniň maksatly aýlanma tizligini - mysal üçin, minutda 25 000-den 20 000 aýlanma - peseldýär we batareýa artykmaç agram düşmeginiň öňüni almak üçin ony 12 woltlyk ulgam arkaly işledýär.

Bu ätiýaçlyk shemasy batareýanyň zarýady pes bolanda-da turbinany işletmäge  mümkinçilik berýär we tutuş elektrikli ulag ulgamynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrýar.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....