Moskwa döwlet lingwistik uniwersitetinde türkmen dili okadylyp başlanar

  • 10.03.2026 18:21
  • 5.3k+

Moskwa döwlet lingwistik uniwersiteti (MDLU) türkmen dilini esasy bilim maksatnamalaryna girizmegi meýilleşdirýär. THP-niň habar bermegine görä, bu mesele ýokary okuw mekdebiniň rektory Irina Kraýewa bilen Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň geňeşçisi Serdar Durdyýewiň arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar MDLU-nyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň diller we medeniýet meseleleri boýunça binýatlyk guramasy hökmündäki işiniň çäginde hyzmatdaşlygy giňeltmek barada gürrüň etdi.

Duşuşygyň esasy mowzuklarynyň biri uniwersitetiň binýadynda Türkmen dili we medeniýeti merkezini döretmek boldy. Merkeziň açylyşyny Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etjek ýylyna gabat getirmek meýilleşdirilýär.

Bu merkeziň ýurtlaryň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen bilim meýdançasyna hem-de aň-bilim çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrülmegine garaşylýar.

Häzirki wagtda MDLU-da 40 sany daşary ýurt dili okadylýar. Türkmen dili ugrunyň açylmagy GDA ýurtlarynyň we ýakyn daşary ýurtlaryň dilleri we medeniýetleri kafedrasynyň ösüşinde täze tapgyr bolar.

Duşuşyga uniwersitetiň degişli bölümleriniň wekilleri, Türkmenistanyň ilçihanasynyň işgärleri we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri hem gatnaşdy. Gatnaşyjylar täze bilim başlangyjynyň halkara hyzmatdaşlygy üçin hünärmenleri taýýarlamaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.


23.06.2026 18:58
2.7k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 08:05
4.6k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......